Gujagynda ýazlar güllän...

10 Maý 2024
862

Her gezek şeýle bolýar, gül-gülälekli sähra çyksaň, daş-töweregiňi gurşap alan gyrmyzy, sary, al-ýaşyl gülleri ýekän-ýekän sypalap ezizläberesiň gelýär. Göýä ol güllerem saňa näz edýän ýaly görküni güjeňläp, ülpüldäp oturandyr. Emma olary eliňi uzadyp, ne ýolup bilersiň, ne-de gözelliginden ganyp. Hawa, ol baharyň gujagyndaky güller däl-de, öýüňdäki bahar-ýazy ýatladyp duran gözel halylaryň goýnundaky elwan bägüller hakynda şeýledir. Olar gyş-u-ýazyn seniň öý-ojagyňa hem-de ýüregiňe, kalbyňa gözellik paýlap ýörendir.

Türkmen topragynda düşleýän baharyň asla sowulmazlygyny islän ene-mamalarymyz ony nepis türkmen halylarynyň süňňüne siňdiripdirler. Bu gün bahar türkmen halylarynyň gujagynda müdimilik ýer alyp, türkmen kalbyna öwrüldi. Türkmen halylary baharyň sungata siňen keşbi, gözelligiň ýoýulmajak nusgasydyr.

«Güneş».