«Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň»
atly döredijilik bäsleşigine
Halk döredijiligine degişli bolan rowaýatlar biziň milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen dili we edebiýaty mugallymymyz rowaýatlaryň gözbaşynda hökman bir hakykatyň bardygyny aýdýar. Munuň şeýledigine «Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly kitaby okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Biz akyldar şahyrymyza degişli rowaýatlaryň, tymsallaryň örän kändigine buýsanýarys.