"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Geliň, welosiped süreliň!

Bütindünýä welosiped güni. Ol siz ýaly oglanjyk ýa gyzjagaz bolsa, şu ýyl mekdebe barardy. Çünki edil sentýabrda ilkinji gezek ak mekdebe salam berjek jigilerimiz ýaly, Bütindünýä welosiped güni hem şu ýyl alty ýaşyny doldurdy. Alty ýaşlyjalarymyz alty gezek doglan gününi bellän bolsalar, hut şu aýda — 3-nji iýunda biz hem bütin Ýer ýüzi bilen bilelikde bu şanly senäniň doglan gününi altynjy gezek belledik. Özem diýseň gyzykly baýram boldy. Köpiňiz bilýänsiňiz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmeginde biziň döwletimiziň iňňän uly paýy bar. Çünki şu şanly sene bilen bagly hödürnamany BMG-niň Baş Assambleýasyna, hut Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň döwletimiz — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan teklip edipdi. 2018-nji ýylyň aprel aýynda bolsa dünýäniň iň abraýly guramasy bu teklibi goldap, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar etdi. Ine, şol ýyldan bäri hem biz dünýä döwletleri bilen bilelikde bu şanly senäni belläp gelýäris.

Welosipedim we men

Ine, tomus! Dynç alyş,Üç aýlap hezil etjek.Ejem nirä ugratsa,Welosipedli gitjek. Säher ýa-da giç agşam,Meniň üçin parhy ýok.Welosipedim barkaHiç bir ýolda gorky ýok.

Bahasyz hazyna

Balyga suwuň zerur bolşy ýaly, ynsanyň hem ruhy dünýäsini gandyrmaga, onuň ýörejek ýoluny salgy bermäge bir zerurlyk, sebäp gerek. Ol zerurlyk bolsa adamyň ömrüniň manysyny kesgitlemäge, ýaşaýşyny gözelleşdirmäge ýol açýar. Ine, şeýle zerur gymmatlyklaryň biri-de ylym-bilimdir. «Balygyň diriligi suw bilen» diýlişi ýaly, ynsanyň kämilligi, akyl-paýhasy hem ylym-bilim bilen hasyl bolýar. Ylym-bilim bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlyk, ruhy hazynadyr. Ylym-bilimiň zerurlygyna göz ýetiren her bir ynsan ilkinji gezek mekdep gapysyndan ätläp, bilim dünýäsine sary gadam goýýar. «Harplyk» kitabyndan başlanan ýol soňabaka durmuş menzillerine tarap uzalyp gidýär. Ynsan ilkinji ädimlerini ylym-bilim dünýäsinden başlaýar. Şeýdibem, ol ömrüň iň gyzykly, manyly günleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Söz manysy

Galbir Häzir biz elek diýilse, gözenegi metaldan, gataňsy sintetiki süýümden edilen elekleri göz öňüne getirýäris. Ýöne Magtymgulynyň döwründe elekler gowy işlenen gönden-deriden hem edilipdir. Şonda künji, dary, gonak /dänesi ownujak azyklyk ekin/, un elemek üçin ulanylýan elekler elek, uşakgöz, künji elek, un elek kimin atlandyrylsa, bugdaý, arpa, jöwen, mäş eleýän elekler galbir ýa-da irigöz ýaly atlandyrylypdyr. Galbirler deriden, özem oda gyzdyrylan demir çiş bilen deşilip ýasalypdyr. Magtymguly atamyz, «Galbirde suw durmaz gözemek bilen» diýýän wagty gözi iri şol elegi göz öňünde tutýar.

Meniň çeken suratym — başlangyjy sungatyň

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Hany, elimize dürli reňkli galamlary alyp, ak kagyzyň ýüzüne surat çekmäge başlalyň! Bu gezek ýönekeý bir adaty şekilleri däl-de, janly şekilleri janlandyrmaga çalşalyň! Belki-de, ol şekiller siziň ýeňiji bolmagyňyza, has dogrusy, ähli surat eserlerinden saýlanylyp alynmagyna getirer. Ynanaňyzokmy?! Onda synanyşyp göräýiň! Biler bolsaňyz, surat çekmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşyp, eýýäm bu ugurda öňe saýlanan zehinli jigilerimiziň bardygyny aýtsak, siz has-da haýran galarsyňyz! Haýran galmazça-da däl. Sebäbi olar eýýäm bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan öňe saýlanyp, öz çeken suratlary bilen iň ýokary baha mynasyp bolmagy başardylar.

Türkmen tennisi ösüş ýolunda

Tennis — sportuň örän gyzykly we saglyk üçin peýdaly görnüşi. Şol sebäpden-de, bütin dünýäde tennis bilen meşgullanýan türgenleriň hem-de sportuň bu görnüşine gyzyklanma bildirýän janköýerleriň sany barha artýar. Tennis diňe bir ulularyň däl-de, çagalaryň arasynda hem meşhurdyr. Türkmenistanda-da tennis bilen meşgullanýan çagalaryň we ýetginjekleriň ýylsaýyn köpelýändigi begendirýär. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat şäherinde çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi hem-de Aziýa tennis federasiýasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy ýaş türgenler we tennis muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka boldy. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen gurlan Tennis toplumy Merkezi Aziýa sebitinde sportuň bu görnüşi boýunça iň uly toplumdyr. Iri sport desgasynda giň gerimli sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmek hem-de türgenleri ýaryşlara taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde birbada 4 müň tomaşaçy tennis ýaryşlaryna tomaşa edip bilýär. Soňky ýyllarda Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda ýaryşlar yzygiderli geçirilip başlandy. Bir ýyl mundan ozal, ýagny 2023-nji ýylyň iýun aýynda bu ýerde 12

Goşgular çemeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Azat RAHMANOW

Milli şahyrymyza bagyşlanan bäsleşikler

Ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy iki sany döredijilik bäsleşiginiň jemini jemledi. Olaryň biri «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralyp, «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» at bilen geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary her ugur boýunça iň gowy eserleriň awtorlaryny ýeňiji diýip yglan etdiler.

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Gülmähegiň gülleri

(Hekaýa) Synplarynda okuwa ýetişigi babatda-da, dil öwrenmek, kitap okamaga gezek gelende-de aýratyn tapawutlanýan Gülmähek el işlerine-de diýseň höwesjeňdi. Onuň bilesigelijiligini töwereginde ýaşaýan goňşy gyzjagazlar bilen tirkeşip zähmet sapagyny okadýan Sona mugallymyň «El hünäri — il gezer» gurnagyna işjeň gatnaýandygyndan hem biläýmelidi. Mugallymyň sapakdan soň galyp öwrenesi gelýän gyzjagazlara örüm örmegi, alaja işmegi öwretmegi olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýardy. Ulurak synpda okaýan gyzjagazlaryň arasynda mugallymynyň kömegi bilen eýýäm köýnek biçmegi we tikmegi başarýanlaryň bardygyny bilip, beýleki gyzjagazlar hem has-da höwesli ýapyşýardylar. Gülmähek hem işjeňdi, hem örän synçydy. Onuň her bir zady özboluşly gaýtalanmaýan waka öwresi gelýärdi. Gyzjagazlaryň dürli reňkli ýüplüklerden nagyşly jorap örýänleri bardy, Gülmähek hem örmegi başarýardy, emma ol ýa täze bir gül salardy, ýa-da nagyşlaryny üýtgederdi, hökman täzelik girizýärdi.

Ýaşyl dünýäniň güni

Gadyrly çagalar, her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilip, şondan bäri hem oňa agza ýurtlarda, guramalarda bellenilýär. Ol dünýä jemgyýetçiligini häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar. Hawa, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigaty aýawly saklamak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şol işleriň netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň daş-töwereklerinde, welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Çaga kalbynyň owazy

Magtymgulyň setirleri Şygyrlary döwre ganat beripdir,Beripdir akyly, paýhasy bile.Beýik Magtymguly öwüt beripdir,Egsilmez ylhamy, yhlasy bile.

Uly sowgat

(Hekaýa) «Şygryýet» diýilse, aňymda beýik bir ynsanyň — Pyragynyň keşbi janlanýar. Bu nurana keşp häli-häzire çenli ynsanyýetiň dünýäsine öz täsirini ýetirip, onuň päk kalbyndan syzylyp çykan dürdäne jümlelerden ýürekler jünbüş eýleýär. Köňülleri lerzana salýan şol jadyly setirler hiç wagt gadyr-gymmatyny ýitirmez.

Siziň zehinli deň-duşlaryňyz

Yhlas, zehin birleşse...

Ezberlik — üstünligiň açary

Ezberligi, erjelligi, maksada okgunlylygy bilen ilkinji üstünliklere ýeten, özüni öňdebaryjy ýaş türgenleriň hatarynda tanadan ýetginjekleriň biri-de Musa Bekmyradowdyr. Ýaş türgen Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 35-nji orta mekdepde bilim, Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdepde bolsa tälim alýar. Ol göreşmegi höwes edip, kiçilikden sportuň taýboks görnüşi boýunça meşgullanyp başlaýar. Onuň ilkinji tälimçisi Atajan Orazmyradow bolup, ol Musa taýboksuň inçe tilsimlerini öwredýär. Häzirki wagtda Musa Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, halkara derejeli emin Nagmat Hojamämmedowdan sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça tälim alýar. Musa ukyp-başarnygyny diňe bir taýboks ýa-da uniwersal söweş boýunça däl, eýsem, sportuň jiu-jitsu, karate, boks, sambo ýaly görnüşleri boýunça hem görkezip, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Has takygy, ol 2018-nji ýylda sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 40 kilogram agramda çykyş edip, 2-nji, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda 39 kilogram agramda çykyş edip, 3-nji, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde 75 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, şeýle-de, şol ýylda Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda 80 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji, 2024-nji ýylda sportuň söweş sambo

Dostluk daragty

Tursunbaý ADAŞBAÝEW, özbek şahyry. Kemput

Durnajyk

(Erteki) Bir kiçijek durna bolupdyr. Onuň dostlary aýy, pyşdyl eken. Howa sowap başlandan durnalar ýyly ýere göçmäge hyýallanypdyrlar. Kiçijek durna ene durnanyň «Ýör, gideli!» diýenine gulak asman, dostlary pyşdyl bilen aýynyň ýanynda galyberenmiş. Ol bir gün dostlary bilen bile oýnaýan ýerine gelse, ne pyşdyl barmyş, ne-de aýy. Durnajyk: «Aýynyň öýüne baraýyn, belkem, ol öýündedir» diýip oýlanypdyr-da, aýy dostunyňka barypdyr. Ýöne aýy agyr gyş ukusyna giden eken. Ol ony oýaryp bilmejekdigine gözi ýetenden soň, pyşdylyňka barypdyr. Pyşdylam gyş ukusynda eken. Durnajyk ýalňyz galyp, enesiniň diýenini etmän, telek iş edendigine düşünipdir. Ol bir ýyly gowak tapyp, şol ýerde gyşlapdyr we ýazyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyberipdir. Ahyram gyş sowlup, ýaz baýyrlary bezäp ugranda, durnalar bu ýere dolanypdyrlar. Durnajyk süriniň içinden enesini dessine tanapdyr. Ene durna balajygyny bagryna basyp, aşa begenipdir.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Ine-de, tomus. Ine-de, dynç alyş möwsümi! Hezil edip dynç alýarkaň, hezil edip kitap okabermeli möwsüm. Üç aýda, gör, näçe kitap okap bolar?! Ýöne şonda-da, biz size iýun aýynda okamak üçin üç sany kitap salgy berýäris. Şol üçüsini okaň, şu-da ýeterlik. Sebäbi siz dynjam almaly, «Awaza», «Gökderä», beýleki dynç alyş merkezlerine-de gitmeli. Garaz, tomsuňam «işi özüne ýetik».

Uzyn burunly oglanjyk

Ýalan sözlände, burny öz-özünden ulalýan oglanjyk barada eşidip gördüňizmi?! Aslynda, onuň burny ozalyndan şeýle ýasalan. Ýalan sözlände welin, burny has-da ulalyberýär. «Beýle uzyn burunly oglanjyk kimkä?!» diýmäň. Ony dünýäniň ähli çagalary gowy tanaýar. Ol ilkibada agaçdan ýasalsa-da, oňa jan girensoň, edil özümiz ýaly oglanjyga öwrülip, kakasynyň kömegi bilen mekdebe-de gatnap başlaýar. Eline ullakan «Harplyk» kitabyny alyp, okamaga, ýazmaga hem synanyşýar. Ýöne entek kiçijek bolansoň, onuňam beýleki çagalar ýaly oýnasy, bökjekläsi gelýär. Ine, şol ýerdenem uzyn burunly oglanjygyň täsin başdangeçirmeleri başlanýar.

Daşarbat kerwensaraýy

Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň şaýatlary bolan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekip gelipdir. Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Daşarbat kerwensaraýydyr. Halk arasynda oňa «Daşgala» ýa-da «Daşrabat» hem diýilýär. Balkan welaýatynyň sähralary örän syrly we gaýtalanmajak bir dünýädir. Bu kerwensaraý gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň dynç alyş düşelgesi bolup hyzmat edipdir.