(Erteki)
Bir kiçijek durna bolupdyr. Onuň dostlary aýy, pyşdyl eken. Howa sowap başlandan durnalar ýyly ýere göçmäge hyýallanypdyrlar. Kiçijek durna ene durnanyň «Ýör, gideli!» diýenine gulak asman, dostlary pyşdyl bilen aýynyň ýanynda galyberenmiş. Ol bir gün dostlary bilen bile oýnaýan ýerine gelse, ne pyşdyl barmyş, ne-de aýy. Durnajyk: «Aýynyň öýüne baraýyn, belkem, ol öýündedir» diýip oýlanypdyr-da, aýy dostunyňka barypdyr. Ýöne aýy agyr gyş ukusyna giden eken. Ol ony oýaryp bilmejekdigine gözi ýetenden soň, pyşdylyňka barypdyr. Pyşdylam gyş ukusynda eken. Durnajyk ýalňyz galyp, enesiniň diýenini etmän, telek iş edendigine düşünipdir. Ol bir ýyly gowak tapyp, şol ýerde gyşlapdyr we ýazyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyberipdir. Ahyram gyş sowlup, ýaz baýyrlary bezäp ugranda, durnalar bu ýere dolanypdyrlar. Durnajyk süriniň içinden enesini dessine tanapdyr. Ene durna balajygyny bagryna basyp, aşa begenipdir.