Ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy iki sany döredijilik bäsleşiginiň jemini jemledi. Olaryň biri «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralyp, «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» at bilen geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary her ugur boýunça iň gowy eserleriň awtorlaryny ýeňiji diýip yglan etdiler.