"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

«Awaza — dostluk mekany»

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu ýylyň 25 — 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen bu olimpiadada 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç almaga mümkinçilik döredýän ýollanma gowşurylypdy. Şol ýollanmanyň esasynda Russiýa Federasiýasynyň toparynyň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alşy başlandy. Olaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Çagalar arassa howada gezelenç etdiler we «Daýanç» sagaldyş merkezine dynç almaga gelen çagalar bilen tanyşdylar. Bu merkezde hereket edýän gurnaklaryň  işi bilen tanyşmak hem olar üçin diýseň gyzykly boldy. Şeýle-de daşary ýurtly okuwçylaryň Türkmenbaşy şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de «Salkyn» seýilgähine gezelençleri guraldy. «Awaza — dostluk mekany» ady bilen geçirilýän bu çäräniň ýaş nesilleri bir ýere jemlemegi, olaryň wagtlaryny täsirli hem gyzykly geçirmekleri, birek-birek bilen dostlaşmaklary üçin özboluşly sowgat bolandygyny belläsimiz gelýär.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenlerimiziň gatnaşýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Şu gün — 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini bu halkara ýaryşyna ugradyş dabarasy geçirildi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda: «Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky jümleleri

Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar ildeşlerimiziň, şol sanda şadyýan çagalarymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. * * *

Arkadag şäheri — bagtyň gözbaşy

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl doldy. Bu mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen medeni çäreler, baýramçylyk maslahatlary we şowhunly konsert dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Gadyrly çagalar, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi. Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna-da girizildi. Arkadag şäheri halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalaryň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp boldy.

«Jelaleddin Rumy, jemg-ul magny...»

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» atly goşgusynda ady agzalýan Jelaleddin Rumy XIII asyrda ýaşap geçen beýik söz ussadydyr. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy», «Türkmen medeniýeti», «Ömrümiň manysy» atly kitaplarynda Rumynyň edebi mirasy baradaky garaýyşlara aýratyn orun berýär. Alym Arkadagymyz: «Biziň akyldar şahyrymyz Möwlana Jelaleddin Rumy» diýip, Rumynyň çuň many-mazmunly ajaýyp eserleriniň halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini, beýik türkmen akyldary, şahyry hökmünde belent orna mynasypdygyny nygtaýar.

Dynç alyş merkezimiz erteki ýaly, Her günümiz şatlyk-şowhundan doly

Tomus — iň arzyly pasyl. Bu pasyl bagtyýar çagajyklaryň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary paýlap, olaryň ykbalyna şadyýanlyk eçilýär. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri her ýyl bagtyýar çagajyklara gapylaryny giňden açýar. Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýän Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirýärler, bagtyýar nesilleriň bagta ýugrulan gülki sesleri has belentden ýaňlanýar. Muňa biz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirilýän dabaraly çäreleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirip bilýäris. Sebäbi şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da täsirli geçirmekleri üçin olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guralýar.

Hezil günleriň höziri

Üns berýäňizmi, ýurdumyzda çagalara niýetlenilen dynç alyş merkezleriniň ählisi edil ertekilerdäki ýaly ajaýyp tebigatyň jümmüşinde ýerleşýär. Munuň iň ýakyn mysaly Gökdere jülgesindäki merkezler. Bu ajaýyp jülgäniň hoşboý tebigaty dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Diňe Gökderede ýa-da Awazada däl, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri üçin hem tebigatyň iň ajaýyp ýerleri saýlanyp alnypdyr. Ine, şonuň üçin hem Türkmenabat şäheriniň etegindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine barýan çagalar: «Ajaýypdygyny! Men tutuş 20 günläp şu ajaýyp ýerde dynç almalymy?!» diýip, şatlygyndan ýaňa diriň-diriň böküberýärler. Hawa, olary ajaýyp tebigat, döwrebap binalar we hezilliklerden doly 20 gün garşylaýar.

Goşgular çemeni

Sowgat Toý güni, baýram güni,Sowgat berdiler maňa.Süýjüdir kökelerdenHökman bererin saňa.

Dost-doganlyk gatnaşyklary ilerleýär

Gözbaşy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar. Ýakynda — 4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammitine hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde ýene-de bir täze sahypa açyldy. * * *

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Söz manysy

Ilkibaşda orak ýaly... Ilkibaşda orak ýaly,Orta ýaşda çörek ýaly —

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag şäherinde Toý toýlanýar uludan,Arkadag şäherinde.Günler mydam bagta deň,Arkadag şäherinde.

«Zähmet kämillige tarap ýoldur»

Gadyrly çagalar, hemmämiziň bilşimiz ýaly, maý aýynyň 17-sine paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Beýikligi 60 metr bolan bu heýkel häzirki güne çenli Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde, heýkellerini döretmekde edilen işleriň iň bir uly göwrümlisidir. Şu nukdaýnazardan döredijilik toparymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly göwrümli ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan 24 sany heýkelleri ýasan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlap, ony ýaşajyk okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Saragt aga, ýaşajyk okyjylarymyzy siziň çagalygyňyz gyzyklandyrýar. Söhbedimizi şol hakyndaky gürrüňleriňiz bilen başlaýsak!

Tebigat gözelligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Gadyrly okyjylar, žurnalymyzyň bu sanynda fotosuratçy Ilaman Çüriýewiň «Bathyz» döwlet goraghanasyndan düşüren ajaýyp suratlaryny size ýetirýäris. Suratlarda ata Watanymyzyň tebigy gözellikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi açylyp görkezilýär. Biz hem sizi zehinli fotosuratçynyň ajaýyp işlerini synlamaga çagyrýarys.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, beýik şahyryň ömri we döredijiligini giňden öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen yglan eden bäsleşikleriniň jemlenendiginden habarlysyňyz. Mekdep okuwçylarymyz «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy», şeýle-de «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly bäsleşiklerde surat çekmek boýunça hem öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalaryň çeken suratlaryny size hödürleýäris.

Tebigaty goramaga çagyrýan neşir

Gadyrly çagalar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän işler ertekini ýadyňa salýar. Sebäbi her bir baýramçylyga, şanly senä bagyşlanyp, zähmet üstünlikleri, belent ösüşler gazanylýar. 5-nji iýunda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giň gerimde bellenilip geçildi. Şol güne gabatlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Mähriban çagalar, siz orta mekdepde «Tebigaty öwreniş», «Biologiýa» ýaly derslerde Gyzyl kitap hakynda kän eşidensiňiz, okansyňyz. Gyzyl kitap Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen neşirdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Gyzyl kitaby 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi. Bu ýyl bolsa olaryň üsti ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri elimize gelip gowuşdy.

Hemra Şirowyň poeziýasynda çeperçilik serişdeleri

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi üçin çagalar ýazyjy-şahyrlarynyň döwür bilen aýakdaş ýöräp, döwre görä seslenmeleri aýratyn ähmiýetlidir. Bu döwrüň çagalar edebiýatynyň ösmegine özleriniň özboluşly eserleri bilen Kaýum Taňrygulyýew, Atamyrat Atabaýew, Kasym Nurbadow, Agageldi Allanazarow, Atajan Annaberdiýew, Hemra Şirow, Azat Rahmanow, Pirnepes Öwezliýew, Ogulsenem Taňňyýewa, Allaberdi Haýydow, Gurban Çöliýew, Aky Baýmyradow... ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz uly goşant goşdular. Bu ýazyjy-şahyrlar terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan eserleri bilen çagalaryň aňynda il-günümize, ata Watanymyza bolan söýgini terbiýelemek üçin galamlaryny ezber işleden halypalardyr. Çagalar edebiýatynyň özboluşlylygy şahyryň, ýazyjynyň çaga aňyna düşünişine, oňa aralaşyp bilşine, çaga aňy bilen çeper aňyň sepleşigini tapyp bilşine bagly. Çaganyň psihologiýasyny çuňňur bilmek, edebiýatyň hem sungatyň kömegi bilen çaga estetiki terbiýe bermek, çaga dünýäsiniň ýakymly duýgulardan doly bolmagyny gazanmak çagalar edebiýatynyň esasy wezipesi. Çaga durmuşa, töwerege özboluşly seredýär. Onuň dünýäsiniň täsinligi hem şundadyr. Ol görýän, eşidýän, duýýan zatlaryna özüçe düşünjek, sowallaryna jogap tapjak bolup synanyşýar. Şu özboluşlylyga ýol tapmak bolsa çagalar edebiýatyna wepaly şahyryň wezipesi.

Gutlag kagyzy

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine (Hekaýa)

Myraly we Soltansöýün

Gysga ýorgan Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany başaşa kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr, wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar.

Ynam ýeňşe ýetirýär

Höwes, yhlas ýeňişli ýollara ýetirýär. Şol ýeňişli ýollarda hem ynam zerurdyr. Ynam ýeňşiň ýarysy hasaplanýar. Şonuň üçin türgenlere ýaşlygyndan şeýle ynama eýe bolmak gerek. Şeýle ýeňişli ýollara bolan ynamy bilen sport älemine gadam basan türgenleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýazmyrat Bäbişowdyr. Ýazmyrat bäş ýyldan hem gowrak wagt bäri sapakdan daşary Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewden tälim alyp, geçirilýän her bir türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýar. Ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem türgeniň kem-kemden kämilleşýändiginiň subutnamasydyr.