Hezil günleriň höziri

11 Iýul 2024
497

Üns berýäňizmi, ýurdumyzda çagalara niýetlenilen dynç alyş merkezleriniň ählisi edil ertekilerdäki ýaly ajaýyp tebigatyň jümmüşinde ýerleşýär. Munuň iň ýakyn mysaly Gökdere jülgesindäki merkezler. Bu ajaýyp jülgäniň hoşboý tebigaty dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

Diňe Gökderede ýa-da Awazada däl, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri üçin hem tebigatyň iň ajaýyp ýerleri saýlanyp alnypdyr. Ine, şonuň üçin hem Türkmenabat şäheriniň etegindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine barýan çagalar: «Ajaýypdygyny! Men tutuş 20 günläp şu ajaýyp ýerde dynç almalymy?!» diýip, şatlygyndan ýaňa diriň-diriň böküberýärler. Hawa, olary ajaýyp tebigat, döwrebap binalar we hezilliklerden doly 20 gün garşylaýar.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.