Ynam ýeňşe ýetirýär

11 Iýul 2024
551

Höwes, yhlas ýeňişli ýollara ýetirýär. Şol ýeňişli ýollarda hem ynam zerurdyr. Ynam ýeňşiň ýarysy hasaplanýar. Şonuň üçin türgenlere ýaşlygyndan şeýle ynama eýe bolmak gerek. Şeýle ýeňişli ýollara bolan ynamy bilen sport älemine gadam basan türgenleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýazmyrat Bäbişowdyr.

Ýazmyrat bäş ýyldan hem gowrak wagt bäri sapakdan daşary Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi boýunça tälimçisi Serdar Hajyýewden tälim alyp, geçirilýän her bir türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýar. Ýaryşlarda görkezýän netijeleri hem türgeniň kem-kemden kämilleşýändiginiň subutnamasydyr.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan» welaýat gazetiniň bölüm redaktory.