«Zähmet kämillige tarap ýoldur»

11 Iýul 2024
666

Gadyrly çagalar, hemmämiziň bilşimiz ýaly, maý aýynyň 17-sine paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Beýikligi 60 metr bolan bu heýkel häzirki güne çenli Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde, heýkellerini döretmekde edilen işleriň iň bir uly göwrümlisidir. Şu nukdaýnazardan döredijilik toparymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly göwrümli ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan 24 sany heýkelleri ýasan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlap, ony ýaşajyk okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Saragt aga, ýaşajyk okyjylarymyzy siziň çagalygyňyz gyzyklandyrýar. Söhbedimizi şol hakyndaky gürrüňleriňiz bilen başlaýsak!

Söhbetdeş bolan Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».