Tomus — iň arzyly pasyl. Bu pasyl bagtyýar çagajyklaryň durmuşyna ýatdan çykmajak pursatlary paýlap, olaryň ykbalyna şadyýanlyk eçilýär. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri her ýyl bagtyýar çagajyklara gapylaryny giňden açýar.
Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýän Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirýärler, bagtyýar nesilleriň bagta ýugrulan gülki sesleri has belentden ýaňlanýar. Muňa biz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçirilýän dabaraly çäreleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirip bilýäris. Sebäbi şu günler ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Dynç alýan çagalaryň wagtlaryny has-da täsirli geçirmekleri üçin olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guralýar.