«Awaza — dostluk mekany»

1 Awgust 2024
478

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şu ýylyň 25 — 30-njy marty aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen bu olimpiadada 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç almaga mümkinçilik döredýän ýollanma gowşurylypdy.

Şol ýollanmanyň esasynda Russiýa Federasiýasynyň toparynyň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alşy başlandy. Olaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Çagalar arassa howada gezelenç etdiler we «Daýanç» sagaldyş merkezine dynç almaga gelen çagalar bilen tanyşdylar. Bu merkezde hereket edýän gurnaklaryň  işi bilen tanyşmak hem olar üçin diýseň gyzykly boldy. Şeýle-de daşary ýurtly okuwçylaryň Türkmenbaşy şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de «Salkyn» seýilgähine gezelençleri guraldy. «Awaza — dostluk mekany» ady bilen geçirilýän bu çäräniň ýaş nesilleri bir ýere jemlemegi, olaryň wagtlaryny täsirli hem gyzykly geçirmekleri, birek-birek bilen dostlaşmaklary üçin özboluşly sowgat bolandygyny belläsimiz gelýär.