"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk — çar tarapa il bolmak

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwletimizi parahatçylygyň ilçisi kepderä meňzedip, onuň bir ganatyny «Garaşsyzlyk», beýleki ganatyny «Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Juda jüpüne düşen meňzetme, çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki bedew batly köpugurly ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini bu iki gudratdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Mähriban çagalar, sentýabr aýynda 32 ýyllyk toýuny uludan bellän Garaşsyzlygymyz — biziň baş baýramymyz. Çünki özbaşdak ösüşimiziň milli ýolunda ýeten ähli sepgitlerimiziň, gazanan köpugurly üstünliklerimiziň gözbaşynda Garaşsyzlyk gudraty durandyr. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan hemişelik Bitaraplygymyz hem diňe döwlet Garaşsyzlygymyzdan soň mümkin boldy. Ýöne Garaşsyzlyk Bitaraplyga ýol açýan-da bolsa, dünýä döwletleriniň ählisiniň goldawyny gazanyp, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Muny häzirki döwürde dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hem ýeke-täk Bitarap döwletiň biziň ata Watanymyzdygy bilen hem düşündirmek bolar. Özem türkmen Bitaraplygy hakyndaky Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi.

Ýaşlaryň şu günki başlangyçlary — geljegiň üstünlikleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi.

Täze şäherde Täze ýyl baýramy

çagalary goşa sowgat bilen begendirýär Eziz Watanymyza bütin dünýäniň çagalarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Has dogrusy, 2024-nji luw ýylyny baýram edýäris. Täze ýyl arçasynyň müň dürli yşyklar bilen öwşün atýan, adamlaryň parahat durmuşyna şowhun gatýan bu baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar kimler?! Elbetde, siz — çagalar! Siz bu ajaýyp baýramyň yhlasly janköýerleri, Täze ýyl wakalarynyň şadyýanja sebäpkärleri ahyryn.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetler

(Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetlerde «Perhary-Nowruz» ady bilen agzalýan ýordum «Gül-Nowruz» eseridir. «Perhary» ýordumdaky gahrymanyň — Gülüň artykmaçlygy üçin berlen atlandyrma bolmaly, ýagny «perilerden hem gözel, owadan, zyýat» diýen manyda. «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde» «perhar» sözüniň Hytaý bile Kaşgaryň aralygyndaky bir welaýatyň adydygy, onuň owadan gözelleri bolandygy üçin şahyrlaryň ünsüni çekendigi we şonuň üçin bu sözüň «owadan, görmegeý» manylarynda hem ulanylýandygy aýdylýar.

Ata Watanymyň waspyny edýär, Merdana nesiller, merdem nesiller

Ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, eşretli zamanamyzy, çagalaryň bagtyýarlygyny wasp edýän aýdym-sazlary, çeper okaýyşlary diňlemek biziň ählimiz üçin diýseň ýakymly. Şeýle aýdymdyr sazlary ýerine ýetirýän çagajyklar — kiçijik merdanalarymyz bolsa-ha bu özboluşly öwüşgine eýe bolýar. «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi hem aýdym aýtmaga ukyply, şahandaz, zehinli, kiçi ýaşly oglanjyklaryň birnäçesini bir ýere jemledi. «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen, diýseň şadyýan, zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bäsleşikdir. Ýakynda, has takygy, şu ýylyň 8-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş nesillerimizdir.

Dünýä ýaň salan sport baýramy

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi Bu gün ak mermere bürenen Aşgabadyň ady dünýä dolýar. Nusgalyk derejesi, örän guramaçylykly geçirilmegi bilen halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni türkmen paýtagtynda jemlän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ussatlyk ýaşa bagly däl

Okuwçy gyzymyz «dünýä çempiony» diýen ada eýe boldy Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dabaralandyrýan nobatdaky taryhy waka boldy. Bu dünýä çempionatyny Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlady. Ýokary derejede geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna 45 döwletden 181 türgen gatnaşdy. Juda çekeleşikli we tolgundyryjy pursatlara baý bolan çempionatda ezber türgenlerimiz jemi 15 medal gazanmagy başardylar. Olaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş, 4-si bolsa bürünç medallardyr.

Bilim paýlaýan mähriban ynsan

Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Orazgül Hojammaýewa mugallymçylyk kärinde 40 ýyla golaý wagt bäri zähmet çekýär. Tejribeli mugallym başlangyç synplara bilim-terbiýe bermekde yhlasyny gaýgyrmaýar, çagalar bilen oňat dil tapyşmagy başarýar. Käbir sözler gulaga has ýakymly, has mukaddes eşidilýär. «Watan», «Toprak», «Ene», «Ata» ýaly mukaddes sözleriň, düşünjeleriň yzysüre, «Mugallym» sözüniň-de getirilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki her bir adamyň durmuşynda uly orny eýeleýän şahsyýet bar. Ol hem — mugallym. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly jöwher paýhasyndan dörän kitabynda şeýle setirler bar: «Mugallym — aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar». Ine, şu altyna gaplaýmaly jümlelerden hem görnüşi ýaly, «bilim paýlaýan ynsan» mukaddes käriň eýesi — mugallym. Mugallymlara bilimiňi paýlaşmak, öz bilýänleriňi ýaş nesillere öwretmek, olara terbiýe bermek, görelde görkezmek, hemişe öwrenmek, okamak ýaly asylly häsiýetler mahsus.

Goşgular çemeni

Garjagaz Töweregi bezäpdirGunduz ýaly garjagaz.Öwşün atýar lowurdap,Göýä kümüş şarjagaz.

Adam bolmak kyn...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Çaga kalbynyň owazy

Bitaraplyk Bitaraplyk ýolumyzÇar tarapa uzaýar.Parahat dünýämiziDost-doganlyk bezeýär.

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi»

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry mekdep okuwçylarynyň çeken suratlarynyň, maket taýýarlamak boýunça ajaýyp işleriniň birnäçesini ýüze çykardy. Mähriban çagalar, parahatçylygy, asudalygy, watansöýüjiligi ýokary derejede wasp etmegi başarýan mekdep okuwçylarymyzyň — ýeňiji bolan ýaş nesillerimiziň işleri bilen tanyşmak siziň üçin hem ýakymly bolsa gerek. 

Parahatçylygyň ýaş waspçylary

Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna, bagtyýarlyga beslenen dabara Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýaýbaňlandy. Üç ugur boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde eminler topary 15 okuwçyny ýeňiji diýip yglan etdi. Şol bäsleşigiň düzme ýazmak ugry boýunça jemi 5 okuwçy sylaglandy. Bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasyndan zehinlilerini ýüze çykarmaga, olary döredijilik gözleglerine itermäge ruhlandyrdy. Netijede, abadançylygyň ýaş waspçylary bagtyýar Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişliklerini öz işlerinde ussatlyk bilen beýan etmegi başardylar. Biz hem şol bäsleşigiň ýeňijileriniň «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerinden bölekleri okyjylarymyza ýetirýäris.

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» atly bäsleşigiň jemi jemlendi

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilime, döredijilige, sungata we sporta höweslerini artdyrmak, olary gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça kämilleşdirmek we yzygiderli bäsleşikleri gurap, täze-täze üstünliklere ruhlandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän şol döwlet syýasaty ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýagty ertirlerine gönükdirilip, olaryň bagtyýarlygyny üpjün edýär. «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Aýazbaba sowgat

Her Täze ýyl baýramynda çagalar Aýazbabadan sowgada garaşýar. Bizem şeýledik. Aýazbabanyň arçanyň aşagynda goýup giden sowgadyny Täze ýyl gijesiniň ertesi joram Aýnura görkezerdim. Olam öz sowgadyny alyp gelerdi. Şol ýyl bolsa biz Aýnur bilen Aýazbabanyň özüne sowgat bermegi dilleşdik. «Sowgat edeli» diýeniň bilen bolaýýarmy? Aýazbaba näme sowgat berjegimizi bilmän gaty kän pikirlendik. Ejeme maslahat salanymyzda: «Siz gowy okasaňyz, özüňizi oňat alyp barsaňyz, akyllyja bolsaňyz — Aýazbaba iň gowy sowgadyňyz şol» diýdi. «Ol sowgady ýylda-da edip ýörüs, şu ýyl başga bir zat beresimiz gelýär» diýdim. Şondan soň ol biraz pikirlenip oturdy-da: «Gyzym, siz oňa öz eliňizden gelýän zady sowgat etseňiz gowy bolar. Şonuň üçinem Aýazbabadyr Garpamygyň suratyny çekiň-de, bukjanyň içine salyp goýuň. Şeýle sowgada ol gaty begener» diýdi. Ejemiň teklibi bilen Aýnur begenip razylaşdy. Ýogsam näme, ol suraty maňa görä has gowy çekýär ahyryn.

Täze ýyl «SMS»-leri

Täze ýyl golaýlaberse, biziň her birimiz öz ýakyn dost-ýarlarymyza, dogan-garyndaşlarymyza, mähriban ynsanlara iň süýji arzuw-isleglerimizi, ýürek sözlerimizi aýtmaga howlugýarys. Şeýle bolansoň, biz ýörite Täze ýyl «SMS»-lerini taýýarlap, size ýetirmegi makul bildik. Bu «SMS»-ler siziň ýakyn hossarlaryňyz üçin garaşylmadyk sowgat bolar. «Ähli reňkleriň bir ýere jemlenip, owadan älemgoşary emele getirişi ýaly, garşy aljak her bir günüňiz, sagadyňyz hem siziň dünýäňize täze reňk çaýyp, köňül asmanyňyzda täsin bir älemgoşary döretsin! Täze ýyl ähli umyt-arzuwlaryňyza öwüşgin bersin!».

Bagtdan serpaýly ýaş nesiller

Türkmenistan bagtyýar ýaşlaryň mekany bolmak bilen birlikde, onuň her bir güni taryhy we şanly wakalara beslenýär. Ýakynda Mary şäherinde ýerleşýän Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly ýaşlar forumynyň çäklerinde guraldy. Ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna bu ýyl türkmen ýaşlarynyň uly topary — 140-sy mynasyp boldy. Şolaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň-da bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ylym-bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, tehnikada, oba hojalygynda, ykdysadyýetde we döredijilikde öňe saýlanan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitaby, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgat we degişli şahadatnama gowşuryldy.

Aýazbaba bilen syýahat

(Hekaýa) Mişa akja gara bürenen tokaýlykda aýlanyp ýörşüne, birden täze basylan aýak yzlara gözi düşdi. Ol uly ädikli aýak yzlarynyň ýaňyja geçendigini bilip, gyzyklanyp başlady.

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramçylygy ýetip gelýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy baýramçylyk dabaralarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen, size şulary ýatladýar: — Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berk oturtmaly;

Aýazbabanyň çagalary

(Rus halk ertekisi) Aýazbabanyň üç ogly we bir gyzy bolupdyr. Olaryň atlary Şemal, Buz, Gyraw we Gar tozgasy ekeni.