"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Arça jäjegi

Mähriban çagalar, Täze ýylyň öňüsyrasynda her bir öýde dürli jäjekler, çyrajyklar bilen bezelen arçalara duş gelmek bolýar. Täze ýyl arçalaryny ata-eneleridir ýakynlary bilen bilelikde bezemek çagajyklar üçin eýýäm adata öwrülen şatlykly wakalaryň biridir. Bu hem maşgala baýramy bolan Täze ýyl baýramynyň özboluşly, täsirli, ýatdagalyjy pursatlarynyň biri bolup, çagalaryň aňynda hemişelik orun alýar. Şeýle ajaýyp, şatlykly pursatlaryň kän bolmagyny arzuw edip, size owadan, köp öwüşginli arça jäjegini ýasamagy öwretmek isleýäris. Täze ýyl arçasyny öz ellerimiz bilen ýasan jäjejiklerimiz bilen bezesek has-da ýakymly bolar. Hany onda, esbaplarymyzy jemlemäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

«Arçajyklar» saçagyňyzy bezesin!

Täze ýyl baýramçylygy — maşgala baýramçylygy. Bu baýramçylygyň özboluşly taýýarlygyny diýseňizläň! Saçaklarymyzy dürli nygmatlar, naharlar, işdäaçarlar bilen owadan edip bezemegiň özi hem ýakymly pursat. Şonuň üçin biz hem size täze ýyl saçagyňyzy bezejek bir tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler:

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

Nähili gowy?! Iň şadyýan, iň owadan baýrama — Täze ýyla barmak büküp sanaýmalyja günler galdy. Ondan soňam gyşky dynç alyş möwsümi başlanýar. Garaz, siziňki hezillik! Ilk-ä Aýazbabadyr Garpamyga täze öwrenen goşgularyňyzy okap berip, olardan sowgat baryny almaly, soňam gyşyň sowuk günlerinde ýyljajyk öýde oýnap, kitap okap ýatybermeli. Däbimizi dowam etdirip, Täze ýyl baýramynda we gyşky dynç alyş möwsüminde okamak üçin käbir kitaplary maslahat beräýeli diýdik. (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)

Aýazbaba gelsene...

Oňa näme üçin «ata» däl-de, «baba» diýýärkäk?! Ol ýönekeý bir baba hem däl-de, hemmeleriň Aýazbabasy. Ony üç ýaşlyja körpejeden başlap, uly ýaşlylaryň hemmesi tanaýar, ony diýseň gowy görýärler, onuň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hany, aýdyň, Täze ýylyň öňüsyrasynda bezegli arçanyň daşynda el-ele berip aýlanýarkak, onuň sowgat haltaly, eli hasaly gapydan ýylgyryp girerine garaşmadykmy?! Oňa öz öwrenen goşgudyr tapmaçalarymyzy aýdyp, onuň sowgadyna mynasyp bolmagy haýsymyz islemedik?! Megerem, her birimiz şeýle bagtly pursatlaryň şaýady bolandyrys. Bu güler ýüzli, sakgal-murty ap-ak, päk ýürekli mähriban ynsana meňzejek bolup, kän-kän oglanjyklar sakgal-murt dakynyp, eline hasa alyp, akja don geýnendir, onuň sesine meňzedip, Aýazbaba bolmaga çalşandyrlar. Asyl, oňa her birimiz meňzemek isledik, diňe bir meňzemegem däl, hut özi bolasymyz geldi. Aýazbaba — meniň bilen birlikde ähli çagajyklaryň hem iň söýgüli gahrymany.

Edebi miras

Italmaz NURYÝEW. Ýaz güni ýaly

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Saglygymyzy goralyň!

Eziz çagalar, gar ýaganda siziň hemmäňiziňem gar zyňyşyp oýnasyňyz, gardan gar adam ýasasyňyz gelýändir. Onuň üçin siz sowuk howada daşarda gezip, sowujak gary ellemeli bolýarsyňyz. Beýle ýagdaýda siz üşäp, syrkawlap bilersiňiz. Şonuň üçin gyşyň garly, aýazly, sowuk howasyndan goranmagyňyz gerek, daşary çykanyňyzda bolsa özüňiz hem saglygyňyz üçin zerur şertleri berjaý etmegiňiz gerek. Onuň üçin nämeler etmeli? «Güneşiň» saglyk burçy size şeýle maslahatlary berýär: Elleriňize ellik, kelläňize başgap, aýagyňyza galyňja jorap, içi tüýlüje ädikdir typmaýan aýakgap, ýyljajyk eşikler geýmeli. Suwa düşüp, saçyňyzy ýuwup, daşary çykmak bolmaýar. Sürçek ýerlerden hem ägä bolmaly. Ýoldan geçilende seresaplylyk bilen ýörite geçelgelerden geçmeli.

«Merdana nesil — 2023» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi

Şu gün — 8-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim  berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň  arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» atly ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, mekdep okuwçylary düzme, hekaýa we beýannama ýazmak boýunça öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Eserleriň arasynda döredijilik aýratynlyklaryny açmagy başaran okuwçylaryň iň ökdeleriniň işleri saýlanylyp, olardan Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy Mähri Gurbannazarowanyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň okuwçysy Sähra Dädebaýewanyň, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Abadan Satlykowanyň, Aşgabat şäherindäki 78-nji orta mekdebiň okuwçysy Dawut Baýramowyň, Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Ataýewanyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgözel Amanowanyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň okuwçysy Göwher Kulyý

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylarymyz işjeň gatnaşyp, olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we maketlerini hödürlediler.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlenildi

28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlendi. Çempionaty umumylykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlamagy başardy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň birinji gününi türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medallar bilen jemläpdiler. Çempionatyň ikinji gününde türgenlerimiz 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medaly gazandylar.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijelere beslenýär

Düýn — 27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna badalga berildi. Çempionatyň birinji gününde erjel türgenlerimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 8 medal getirmegi başardylar. Olaryň ikisi altyn, üçüsi kümüş, galan üçüsem bürünç medallardyr. Bürünç medallara Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew we Gülşat Annaýewa atlaryny ýazdyrmagy başardy. Sanjar Abdyrahmanow, Aýşirin Haýdarowa hem-de Aýnur Amanowa bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykyp, kümüş medallara eýe boldular. Öz agram derejelerinde Mariýa Lohowa we Dinara Rozkulowa altyn medal gazanyp, «dünýä çempiony» diýen ada mynasyp bolmagy başardy.

Türkmen-türk gatnaşyklaryndaky täze sahypa

Köklerini Oguz handan alyp gaýdýan bu iki döwletiň dili bir maşgaladan bolup, taryhy, däp-dessurlary, urp-adatlary we edim-gylymlary bir perdede owaz edýär. Mahlasy, türkmen-türk dost-doganlygy asyrlara şaýatdyr. Asyrlaryň altyn sahypalaryna dolan şol dost-doganlyk gatnaşyklary bu günki gün has-da ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şol hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň netijesinde hem aýdyň görmek bolýar. Resmi saparyň çäklerinde Ankara şäherinde hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ädimine öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyklarda netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, ýurtlaryň arasynda birnäçe resminamalar baglaşyldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy-da buýsandyryjy wakadyr.

Beýik işleriň ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran taryhy sapar boldy. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu maslahata 140-dan gowrak döwletlerden we iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu forumyň esasy göz öňünde tutan meseleleriniň biri soňky döwrüň ýagdaýlarynyň ykdysady işjeňlige ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak, ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjek meselelerdir. Şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky özara dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde ähmiýeti uly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda maşgalasy hormatly Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, Hytaýyň medeni gymmatlyklary, baý senetçiliginiň köpdürlüligi bilen ýakyndan tanyşdy. Şol çäreleriň dowamynda Hytaýyň «Doň» çagalar etnografik toparynyň ýerine ýe

Berekediň sakasy

Türkmende şeýle bir aýtgy bar: «Myhman öz rysgy bilen gelermiş». Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol biziň keremli topragymyza gelen gününden bäri rysgal-berekediň saçagy açylyp, desterhanlarymyz süýji naz-nygmatdan, datly ir-iýmişden doluberdi. Ýylyň dört paslynda tekjeleri boş bolmaýan dükanlarymyzyň, rysgal gory egsilmeýän bazarlarymyzyň miweleri, gök-bakja önümleri her birimiziň göwünlerimizi galkyndyryberdi. Hawa, ol geleli bäri... Eýsem-de, «ol» diýýänim kimkä?! Kimkä ol myhman?! Hawa, ol — sary donuny ýelbegeý atynyp, biziň gözel Diýarymyza Gün bolup ýylgyryp, ýalbyrap gelen tyllaýy Güýz. Güýzüň gelmegi bilen türkmen topragynda ähli zat üýtgedi, özgerdi. Arly ýyllap ene topraga hyzmat eden babadaýhanlarymyzyň ýüzi gülüp, öz zähmetiniň miwesine — bol bereketli hasyla gözi düşdi. Güýz türkmen topragy bilen birlikde ynsan köňüllerine, ýüreklerine hazynasy egsilmeýän baýlyk, ruhy güýç, joşgun, çäksiz şatlyk-şowhun alyp geldi. Güýzüň gujagynda eziz il-günümiz sahawatyň, berekediň baýramyny — Hasyl toýuny uludan belleýär.

«Istedim güýzden seni»

Tebigat — biziň öýümiz. Halkymyz geçmişde wagt aralyklarynyň dowamlylygyny, yzygiderliligini, ölçeg birliklerini takyk kesgitlemek we olardan netijeli peýdalanmak, hadysalaryň sazlaşykly amallaryny kadaly ýöretmek maksady bilen tebigata berk gözegçilik edipdirler. Tebigatda wagt hasaplarynyň bir görnüşi hem pasyllardyr. Pasyllar taryhy ösüşleriň altyn guşagy, ýaşaýşyň janly sahypalary hasap edilýär. Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygy, täsinligi, ajaýyp gözelligi bolýar. Ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz pasly senenamamyzda dowamlylygy boýunça 91 güni öz içine alýar. Durmuşda ýylyň pasyllaýyn senenama möwsümi boýunça sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary güýz tapgyry hasap edilýär. Güýz — pasyllaryň ýüpegi, berekediň göwher şapagy. Halk senenamasy boýunça ýörgünli ýyldyz hasabynyň ýaldyrak döwründen 18 gün bilen garagyş döwründen 10 güne deň bolan wagt aralyklaryny öz içine alýan güýz paslynyň dowamynda gijeleriň gündizlerden uzamagy 23-nji dekabra çenli dowam edýär. Pasyllaryň içinde güýzüň möwsümleýin tapgyrlarynda hojalyk-önümçilik işleriniň ähli ugurlarynyň üznüksiz işjeňligi has-da artýar. Nusgawy edebi eserlerde, orta asyr ýazuw ýadygärliklerinde güýz pasly aýralygyň nyşany, adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri ýaly pursatlary aňladýan leksik manyly birlikler hökmünde hem köp duş gelýär. Güýz paslyny şöhlelendirmekde we suratlandy

«Arkadagyň säheri» – köňüllerde döreder baky bahary

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Kinofestiwal Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ilkinji gezek guraldy. Bu festiwal dünýäniň kino muşdaklarynyň ünsüni Arkadag şäherinde jemledi diýip açyk aýdyp bileris. Sebäbi kinofestiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň kino we teatr artistleri, režissýorlary, prodýuserleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzy Burak Özçiwit, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem bar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige (Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda)

Döwrebap bilim ojagy

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri aklygy, gözelligi, ajaýyp gurluşy bilen haýran galdyrýar. Biziň döredijilik toparymyz hem bu «akylly» şäheriň her bir binasy hakyndaky maglumatlary yzygiderli we giňişleýin okyjylaryna ýetirip durýar. Biziň bu gezekki syýahatymyzyň ýazgysy bolsa çagalaryň söýgüli ýeri bolan bilim ojagy hakynda. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde sowatly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli ylym-bilim maksatly edaralaryň, mekdepleriň gurlup ulanylmaga berilmegi her bir ýaş nesilde ylym-bilim dünýäsine bolan söýgini artdyrýar. Onuň şeýledigine biz Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda myhmançylykda bolanymyzda-da aýdyň göz ýetirdik.

Goşgular çemeni

Azat RAHMANOW Şatlyk bile