Berekediň sakasy

12 Noýabr 2023
939

Türkmende şeýle bir aýtgy bar: «Myhman öz rysgy bilen gelermiş». Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol biziň keremli topragymyza gelen gününden bäri rysgal-berekediň saçagy açylyp, desterhanlarymyz süýji naz-nygmatdan, datly ir-iýmişden doluberdi. Ýylyň dört paslynda tekjeleri boş bolmaýan dükanlarymyzyň, rysgal gory egsilmeýän bazarlarymyzyň miweleri, gök-bakja önümleri her birimiziň göwünlerimizi galkyndyryberdi. Hawa, ol geleli bäri...

Eýsem-de, «ol» diýýänim kimkä?! Kimkä ol myhman?! Hawa, ol — sary donuny ýelbegeý atynyp, biziň gözel Diýarymyza Gün bolup ýylgyryp, ýalbyrap gelen tyllaýy Güýz. Güýzüň gelmegi bilen türkmen topragynda ähli zat üýtgedi, özgerdi. Arly ýyllap ene topraga hyzmat eden babadaýhanlarymyzyň ýüzi gülüp, öz zähmetiniň miwesine — bol bereketli hasyla gözi düşdi. Güýz türkmen topragy bilen birlikde ynsan köňüllerine, ýüreklerine hazynasy egsilmeýän baýlyk, ruhy güýç, joşgun, çäksiz şatlyk-şowhun alyp geldi. Güýzüň gujagynda eziz il-günümiz sahawatyň, berekediň baýramyny — Hasyl toýuny uludan belleýär.

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW,
«Güneş».