"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

«Dury gözli durnalar»

Türkmenleriň arasynda guşlar bilen baglanyşykly ýaýran ruhy we durmuş ýörelgeleri her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Guşlara yzygiderli gözegçiligiň netijesinde halk paýhasynyň goýry gönezliginde olar barada giň düşünjeler jemlenipdir. Olaryň ýaşaýyş şertleri, köpelişi, häsiýetleri barada ençeme gyzykly rowaýatlar, ertekiler, tymsallar, nakyllar, atalar sözleri döräpdir. Halk döredijiligi eserleriniň ähli görnüşlerinde guşlary goramak, olara ýardam etmek meselesi örboýuna galýar. Türkmenleriň guşlar babatynda gyzykly däplerinde, ynançlarynda durnalar aýratyn orun eýeleýär. Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde durnalar adalatlylygyň, hoşgylawlylygyň alamaty hökmünde suratlandyrylýar. Durnalar Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan guş däldir. Olar ötegçi, wagtlaýyn ýaşaýan, düşläp geçýän guşlara degişlidir. Howa sowap ugranda, durnalar gyşlamak üçin günorta tarap geçýärler. Il arasynda: «Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy ýap» diýen nakyl howanyň ýagdaýyny duýdurýan aýtgy bolup, giňden ýaýrapdyr. Türkmen awçylary durnanyň etinde ownuk süňkleriň köpdügi sebäpli ony awlamandyrlar. Il içinde durnanyň etini iýmek hem oňlanmandyr.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Azat Rahmanowyň «Atamyň medaly» kitaby. Size guşlaryň höwürtgesini, atalarymyzyň gazanan medallaryny, tutuş bir öýi, Güni, edermenligi, arzuwlary we ýene-ýeneleri bir ýere sygdyr diýsek, näme ederdiňiz? Biz-ä söýgüli şahyrymyz Azat Rahmanowyň «Atamyň medaly» atly goşgular we poemalar kitabyny okardyk. Çünki ýokarda ýazylanlaryň ählisi we ondan köpüsi bu kitapda jemlenipdir.

Hyzlawuk kädi

Çagalar, siz «Görogly» şadessanyny okan bolsaňyz, onda «hyzlawuk kädi» diýen söz düzümine köp gabat gelensiňiz. Bu meňzetme hökmünde ulanylýar. «Hyzlawuk kädi» söz düzümi çagalar üçin-ä däl, eýsem, uly ýaşlylaryň köpüsi üçinem düşnükli däl bolsa gerek. Hyzlawuk kädiniň nämedigini siziňem bilmeýän bolmagyňyz mümkin. Hyzlawuk kädi, bir söz bilen aýdanyňda, çaga oýnawajy. Özem suw kädiniň düýp tarapyndan, ýagny tekiz ýerinden köke şekilinde tegelek edilip kesilip ýasalýar. Ol pyrlananda hyzlap seslener ýaly tegelegiň daşy byçgynyň dişiniň şekilinde erez-erez edilip kesilýär. Soňam ortasyndan ýanaşyk iki deşik deşip, ondanam ýüp ötürýärler.Ýüpüň iki ujundan tutup pyrlasaň, ýüp gowy tow alýar. Tow alyp, gowy ýygrylan ýüpüň iki tarapyndan çekeniňde, ýaňky kädi bölegi çözülýän towuň badyna hyzlap seslenýär. Suw kädiniň düýp tarapyndan ýasalýan bu oýunjagyň «hyzlawuk kädi» ady şondan galan bolmaly. Ýeri gelende aýdylsa, bu oýunjagyň «pyzlawuk kädi» diýlip atlandyrylyşyna hem duş gelmek bolýar.

Ata kesbi – ogla halal

Ata-babalarymyzyň aýdan bu jümlesi Resul ýaly jigilerimize mahsusdyr. Çünki Resul kiçiliginden ata kesbine eýerip, kakasynyň gapdalyndan aýrylman, agaçdan dürli sowgatlyklary ýasamagy öwrenýär. Ol kakasynyň her bir maslahatyny, öwreden işini üns bilen diňläp, synlap, onuň kömegi arkaly kämillik ýolunda öňe barýar. Hawa, ene-atasyna meňzäp, olaryň hünärini dowam etdirmek her çaganyň arzuwy bolsa gerek. Sebäbi maşgala hünärini dowam etdiriji çaga ene-atasynyň abraýynyň ýokarlanmagyna, olaryň ilat arasynda has-da tanalmagyna sebäp bolýar. Şeýle çagalaryň hatarynda Resul Wellanowy bellemek bolar. Ol Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda bilim-terbiýe alýar. Ol boş wagtlary kakasynyň — Nurmyrat Wellanowyň ussahanasynda işleýär. Neçjarlyga bolan höwes Resulda 3-nji synpda döreýär. Ol dagdan, sosna agaçlaryndan dürli sowgatlary ýasamakda öz ussatlygyny görkezýär. Guýmagursak zehinli jigimiz atyň heýkelini, dürli görnüşdäki tumarlary, sowgatlyk at nallaryny ýasaýar. Elbetde, üstünlik gazanmak, ussatlyga ýetmek üçin eden işiň şowsuz çykmagy hem ahmal. Ýöne şol pursatlarda hem Resul ruhdan düşmän, bar ünsüni işine berýär. Şeýle pursatlarda oňa kakasy Nurmyrat aga: «Birinjide bolmasa, ikinjide bolar, oglum!» diýip, oňa halypa maslahatyny berýär.

Sungat serpaýy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň ýaşlarynyň, şol sanda sungata aşyk nesliň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Muny olaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp sowgatly gelmekleri hem tassyklaýar. Şeýle ýaşlaryň arasynda Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleri hem bar. Olar şu ýylyň tomsunda goňşy döwletde döredijilik saparynda bolup, ukyp-başarnyklary bilen ýokary baha mynasyp boldular. Has takygy, 26 — 30-njy iýun aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Ýaş zehinler» atly çagalaryň halkara çeper döredijilik festiwaly geçirildi. Indi 3-nji gezek geçirilen festiwalyň çäginde çagalaryň arasynda aýdym-saz, tans sungaty boýunça halkara bäsleşik, ýaş suratkeşleriň halkara sergisi hem guraldy. Olara Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Russiýadan we başga-da birnäçe döwletden zehinli çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy.

Küştdepdi hakynda maglumatlar

- Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry türkmen milli toýlarynyň esasy bezegidir. - Ol ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy hasaplanýar. Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly «gazal» aýtmaklaryndan başlanýar.

Üns beriň, bäsleşik!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Ýapraklary ýygnalyň, şekilleri ýasalyň!

Mähriban çagalar, güýz paslynyň bezegi agaçlardaky ýapraklaryň altynsow reňki, olaryň tänip ýere düşüşidir. Şol güýz ýapraklaryndan dürli şekilleri ýasamak gyzykly bolsa gerek. Geliň, žurnalymyzyň şu sanynda güýz ýapraklaryndan dürli haýwanjyklaryň şekillerini ýasalyň! Gerekli esbaplar:

Ýumurtgaly ertirlik

Gerekli önümler: • 3 sany ýumurtga,

Ýaş boksçynyň ýeňişleri

Haýsydyr bir türgenimiz daşary döwletlerde ýeňiş gazananda diňe bir onuň özi, ýakyn hossarlary däl, eýsem, tutuş türkmen halky buýsanýar. Ine, ýakynda ýaşajyk boksçy ýigidimiz Ismail Gurbanberdiýewiň Gazagystan Respublikasynda geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda gazanan ýeňşi hem ähli ildeşlerimiziň başyny göge ýetirdi. Hut şonuň üçin hem ýaşajyk türgenlerimiz halkymyzyň ynamyny ödemek — ýeňiş gazanmak üçin ellerinden gelenini gaýgyranoklar. Yhlas bilen ýapyşsaň, erjellik, tutanýerlilik görkezseň, üstünlik gazanmak hem mümkin, garşydaşyňy ýeňmek hem. Ismail jigimizde hem bu häsiýetleriň ählisi jemlenen. Ýaş boksçy yhlasly, erjel, tutanýerli bolansoň, ol altyn medaly gazanmagy başardy.

Ýaş türgenimiz karateniň kumite görnüşi boýunça çempion

Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde bütindünýä «Şotokan Karate» çempionaty geçirildi. Ýurdumyzdan çempionata 62 türgen gatnaşyp, döwletimiziň baýrak gaznasyna 72 sany medal getirdiler. Olaryň 13 sanysy altyn, 20-si kümüş, galan 39-y bolsa bürünç medallardyr. Bu ýaryşa 16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda karateniň kumite görnüşi boýunça Nurmuhammet Nurymow gatnaşyp, 1-nji orna mynasyp boldy. Ol häzirki wagta çenli ýurdumyzda geçirilýän karatedo boýunça dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi başardy.  Sportuň karatedo görnüşi boýunça 1-nji synpdan bäri içgin gyzyklanyp gelýän Nurmuhammet ilkinji bäsleşigine 2022-nji ýylda karateniň kumite görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogynda 14-15 ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda 52 kilogram agramda III orna mynasyp bolýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän karatedo boýunça bäsleşiklere gatnaşýar. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda karateniň kumite görnüşi boýunça 14-15 ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda 57 kilogram agramda III orna mynasyp bolýar. 2023-nji ýylda karateniň kumite görnüşi boýunça Ahal welaýatynyň kubogynda 16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda 55 kilogram agramda III orna mynasyp bolýar. Ýene şol ýylda karateniň kumite görnüşi boýunça Mary welaýatynyň çempionatynda 16-17 ýaşly ýetginjek oglanlaryň arasynda 55 kilogram agramda I orna, Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynd

«Siziň Güneşiňiz näme sebäpden ýylgyrýar?»

Gadyrly çagalar, okuwdan boş wagtlaryňyz siz birnäçe kitaplary okap, olardaky ganatly jümleler, gyzykly eserleriň atlary bilen hem tanşansyňyz. Olar sizde kitaplar, ýazyjylar, olaryň çeper eserleri barada gyzyklanma döredendir diýip umyt edýäris. Şunlukda, biz ýene-de körpeje okyjylarymyz üçin çeper eserlerden ganatly jümleleri taýýarlamagy makul bildik.  — Siz Güneşiň näme many aňladýandygyny bilýäňizmi? — diýip sorag berdi. Sözüne dyngy berip, ýene dowam etdi:

Dört doganyň agzybirligi

Çeper eserleri okadygyňça, ondaky dürli häsiýetli gahrymanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Olaryň içinde batyram, gorkagam, gaýduwsyzam, ýaltasam, işýakmazam... bar. Her bir gahrymandan bir zat öwrenip, olaryň ýagşysyna meňzemäge çalyşýarsyň. Ine, çagalar hakyndaky ýazylan eserleriň içinde heniz kiçilikden atadan ýetim galan dört sany dogan baradaky eser meni diýseň özüne çekýär. Bu eser dört doganyň başdan geçirýän wakalary esasynda ýazylypdyr. Siz eýýäm «Ol dört dogan kimler?» diýip sorajaksyňyz. Hawa, ol dört doganlar — Japbaklar. Ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar» eserindäki şol ugurtapyjy, zähmetsöýer, dilewar oglanjyklar — meniň söýgüli gahrymanlarym. Olar näçe kyn günlerde ýaşasalar-da, ruhdan düşmän, hemişe il-günüň arasynda bolup, daş-töwerege şatlyk-gülki paýlamaga çalşypdyrlar. Her bir işde ugurtapyjylygy, dilewarlygy, zähmetsöýerligi bilen tanalan Japbaklar mydama il-güne, dost-ýarlaryna uly kömek edip, hemmelere ýagşy görelde bolup ýaşaýarlar hem-de halkyň söýgüsini, sylag-hormatyny gazanýarlar.

Edebi miras

Nury BAÝRAMOW Watan

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Pasla görä geýinmeli we iýmitlenmeli

Güýz — ähli şahyrlaryň ünsüni özüne çekýän pasyl. Altyn çaýylan güýzde tebigat owadan bolýar. Howa salkynlaşýar. Babadaýhanlar giň meýdanlardan bereketli hasyly ýygnaýarlar. Okuwa, işe gatnaýanlar biraz ýylyjak geýimlerini geýip başlaýarlar. Her gün irden ertirlikde limonly çaý, gyzgynjak süýt içmek jana hoş ýakýar. Gyzgyn tomusdan soňra güýzüň soňky günleri öňdäki gyşyň sowuk howasyny mälim edýär. Bu bolsa, eziz çagalar, uly nesliň we lukmanlaryň aýdyşy ýaly, pasla görä geýinmegi hem-de iýmitlenmegi talap edýär. Güýzde irden howa salkyn bolsa-da, soňra kem-kem gyzyp başlaýar. Howanyň şeýle üýtgäp durmagy sebäpli pasyl çalşygy döwründe, köplenç, dümewe duçar bolýarys. Şol sebäpli pasla görä geýinmek möhümdir. Irden öýden çykylanda hökman ýeňilräk, ýyly eşik geýnip çykmaly.

Halkara sergi öz işine başlady

Şu gün — 10-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy. Halkara serginiň açylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sahawatda sogap bar

Mähriban çagalar, parasatly pederlerimiz milletimiziň taryhy ömür ýolunyň dowamynda ynsana mahsus ajaýyp häsiýetleriň ençemesini kämilleşdirip, biziň döwrümize ýetiripdirler. Mätäje haýyr-sahawat etmek, ýetime goltgy bermek ynsany bezeýän, il-halkyň arasynda sylag-hormata ýetirýän şol häsiýetleriň naýbaşylaryndan bolupdyr. Haýyrdan haýyr tapan dana halkymyz: «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa», «Haýyr etseň, bitin et», «Haýyr — bereket, nur — rehmet», «Haýyr işi Hudaýam goldarmyş» ýaly aýtgylaryň ençemesini döredipdir. Adamlaryň agzybirligini pugtalandyrýan, bir-biregi bilen ysnyşdyrýan, zerura goldaw-hemaýat etmeklerine giň ýol açýan haýyr-sahawatlylyk nusgawy şahyrlarymyzyň nazaryndan-da sypmandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýetime güler ýüz, mümkinçiligiň bolsa tagam-duz bermegi, gamgyn kişilere ýagşy söz aýtmagy, durmuşda hemaýat etmegi, eger hemaýat etmäge mümkinçiligiň bolmasa, köňül içre niýetiňi ýagşa tutmagy ündeýär. Nusgawy şahyrymyz Şeýdaýy bolsa öz döwrüniň barly-barjamly adamlaryna gönümel ýüzlenip: «Baý bolsaň kylgyl sahawat» diýýär. Şeýle pikirleri beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerinden-de isledigiňçe tapmak mümkin.