Tak-tak etdim…
Türkmen halk ertekileriniň içinde iň gyzyklysy, iň täsirlisi hökmünde ýatda galýan erteki haýsyka?! Siziň pikiriňiz-ä bilemok welin, özüm-ä «Böwenjik» ertekisini diýseň gowy görýärin. «Şol doýmaz-dolmaz Böwenjigiň nämesini gowy görýäň?» diýýäňizmi?! Hawa, ol açgöz, doýar-doýmazyny bilmeýän, öňünden kim çyksa lak-luk atyp ýören biridir welin, ýöne näme üçindir şonda-da öwrenmäge, sapak almaga diýseň kän zat bar. Mysal üçin, nebsine haý diýmän, açgözlük eden ynsanyň, iň soňunda, uly kynçylyga sezewar bolýandygyny her birimiz bilýäris. «Böwenjik» atly türkmen halk ertekisindäki şol gahryman — näme iýse doýman, açgözlük etmegi, hiç kime rehim etmän, öňünden dalajyk-böwrejik çyksa-da, eşeklije baba, on oglan, kyrk gyz çyksa-da, gep-gürrüňe bakman, olary meşik ýaly garnyna gapgaryp gidýändir. Siz şeýle açgöze, heý, duş gelip gördüňizmi?! Asla duşan dälsiňiz. Megerem, şol Böwenjige hiç kimiň meňzäsiniň gelmeýändigi üçin ol diňe ertekilerde ýaşaýandyr. Böwenjik her bir çaganyň ýadynda galan gahryman bolsa-da, oňa hiç kim meňzemek islemeýär. Ol ertekiniň ahyrynda garryja mamany iýjek bolup, onuň aldawyna düşýändir hem-de hemmeler ondan halas bolýandyr. Durmuşda-da şeýle aşa nebisjeň, özüne erk edip bilmeýän adam Böwenjigiň gününe düşýär. Şol sebäpli, biz Böwenjikden kän zatlary öwrendik, sapak aldyk.