Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak berk bedenli, sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagymyz üçin örän peýdaly. Häzirki wagtda sport bilen gyzyklanyp, onuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşýän ýaşlarymyzyň sany barha kän. Şeýle ýaş türgenleri ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda boýunlary medally, elleri kubokly, Diplomdyr Hormat hatly görenimizde olara bolan buýsanjymyz we ynamymyz has-da artýar.
Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Döwletmyrat Anjikow hem sporta höwesek ýaşlarymyzyň biri. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, Döwletmyrat kakasy Wepa Anjikowdan görelde alyp, sportuň welosport görnüşini saýlap aldy. 2021-nji ýyldan bäri Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine gatnaýan Döwletmyrat ol ýerde bilim, terbiýe alýar we sportuň welosport görnüşi boýunça türgenleşýär. Şol mekdebiň tälimçi mugallymy, halkara derejeli sport ussady Muhammedresul Hashojaýewden bolsa tälim alýar. Irginsiz türgenleşiklerden, sporta bolan yhlasyndan, özüne bolan ynamyndan ýaryşly ýollary welosipedi bilen üstünlikli geçýän ýaş türgenimiziň ýeňişleri bilen tanyş bolalyň: