Dürli galam

12 Noýabr 2023
1192

(Hekaýa)

Dilber bilen Gözel — dogan. Daşyndan görenler-ä, köplenç: «Siz ekizmi?» diýibem soraýarlar. «Ýok, ekiz däl!» diýen jogaby alansoňlar bolsa, olar ýene-de soraýarlar: «Haýsyňyz uly, senmi?» diýip, hökman Dilbere seredýärler. Şolar ýaly bolanda Dilber, hakykatdan-da, ýaşy Gözelden uly ýaly çyny bilen begenýär. Gözel bolsa, hamana galyp barýan ýaly: «Ýok, men uly» diýip, her gezek sowalyň jogabyny özi berýär. Bir ýarym ýaş töweregi tapawutlary bolansoň, olar örän basdaş. Esasan-da, Dilberiň bolşy täsin. Ol hemme zady Gözelden gysganýar. Gözel mekdebe gitmeli bolanda dagy entek Dilbere wagt kändigine garamazdan, Dilberem okuw esbaplarynyň köpüsini satyn aldyrypdy.

Sähra BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň okuwçysy.