Bagtyýar çagalaryň mekany

12 Noýabr 2023
1206

Körpe balajyklardan aglaba wagtyňyzy nirede geçirýärsiňiz diýip sorap gördüňizmi?! Elbetde, olar ilki bilen «Öýümizde» diýip aýdýarlar. «Soňra nirede?» diýip sowalymyzyň üstüni ýetirenimizde bolsa olaryň jogaby şu hili bolýar: «Çagalar bagymyzda». Käbir körpelerimiz gönüden-göni «Biz kö-ö-öp wagtymyzy çagalar bagymyzda geçirýäs» diýibem gürrüň berýärler. Bu şeýle-de bolaýmaly. Sebäbi ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglaryny görmäge göz, wasp etmäge söz gerek.

Ýakynda «Güneş» žurnaly ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertleri öz içinde jemleýän şeýle çagalar baglarynyň birinde boldy. Ol Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 129-njy çagalar bagydyr. Çagalar bagynyň açylyp ulanylmaga berlenine kän wagt geçenok. Ýadyňyzda bolsa, bu çagalar bagy 2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açylypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpelere sowgat beren bu çagalar bagy ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen. Iki gatdan ybarat bolan çagalar bagy döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän oýun meýdançalary, howuz, kompýuter, lingafon, aýdym otaglary, ýatmak üçin niýetlenen otaglar bilen üpjün edilendir. 160 orunlyk bu çagalar bagynda 8 topar hereket edýär. Bu ýerde çagalar 3 ýaşdan kabul edilip, tejribeli mugallymlardyr terbiýeçiler olaryň talabalaýyk terbiýelenmegi, başlangyç bilim-terbiýäni almaklary, göwnejaý dynç almaklary, rahat ýatyp turmaklary, keýpleriniň kök, şähdiniň açyk bolmaklary, sagdyn ösüp ulalmaklary üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Diwarlaryň ýüzündäki multfilm gahrymanlarynyň şekilleri, dürli öwredijilik ähmiýetli oýnawaçlardyr esbaplar bagtyýar çagalar bilen birlikde biziňem ünsümizi özüne çekdi.

«Güneş».