Ýer ýüzünde şeýle bir ajaýyp aýdym bardyr. Şol aýdymy bagşylar däl-de, her kim öz ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetirýär. Muňa garamazdan, ol aýdym diňleýjisini bada-bat özüne çekip, ýüpsüz baglaýar. Ol aýdymy näçe diňleseň hem ondan ganma ýok, bu mümkin hem däl. Bu aýdym eneleriň öz eziz perzentlerine bolan mähir-söýgüsine eýlenip, süýji arzuw-umytlara ýugrulyp, ýürekleriň töründen joşup çykýan, kalplara mähir çaýýan, göwünlere ganat bekledýän mukaddes ene hüwdüsidir.
Türkmen perzendi dünýä inip, mährem enesiniň gujagyna dolan gününden başlap, ene ýüreginiň owazy hasaplanýan hüwdi bilen garşylanýar. Enelerimiz öz mylaýym sesi bilen çagalaryny hüwdüläpdirler, ezizläpdirler. Enäniň mylaýym, rahatlandyryjy owazy sallançakda ýatan çagany aýdylýan hüwdä diň salyp, süýji uka batyrýar. Ene-mamalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdülerde enäniň öz çagasyna bolan söýgüsi, mähri, perzendi dogrusynda edýän süýji-süýji arzuwlary... ýatyr. Öz mährem balasy hakynda hiňlenilýän bu setirler ene kalbynyň, ene ýüreginiň owazydyr. Ene ýüreginiň aýdymy bolan hüwdülerimiz gadymy döwürde döräp, taryhy döwürleriň ýaňyny biziň günlerimize ýetiren genji-hazynadyr. Sebäbi olar ýöne bir goşgy bentleri bolman, eýsem, dörän döwrüniň ýagdaýyny, halkyň ruhy ahwalyny, ýaşaýyş-durmuşyny açyp görkezýän taryhy hakyda diýsek ýalňyş bolmasa gerek.