Biz medeniýete, sungata uly sarpa goýulýan ýurtda ýaşaýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky ösüşler hem dünýä nusgalykdyr. Suratkeşlikde, aýdym-saz bilen meşgullanmakda diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda-da dürli bäsleşikler geçirilip, türkmen ýaşlarymyz ýeňiş yzyna ýeňiş gazanýarlar. Ine, ýakynda, has takygy, şu ýylyň 6—10-njy oktýabry aralygynda şeýle zehinli jigilerimiziň birnäçesi Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň XVII ýaşlar delfiý oýunlarynda boldular. Delfiý oýunlary diýlende, Olimpiýa oýunlaryndaky ýaly sport bäsleşiklerini göz öňüne getirýän bolmagyňyz hem mümkin. Ýok, ol sport ýaryşlary däl. Onuň esasy ugry sungat, medeniýet we bilimdir. Ýakynda geçirilen bu delfiý oýunlary 10 ýaşdan 25 ýaşa çenli bolan zehinleri bir ýere jemledi. Has takygy, bu bäsleşige Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Azerbaýjan we Türkmenistan döwletlerinden jemi 500-e golaý zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzdan bu bäsleşige 26 adamdan ybarat topar gatnaşyp, olaryň içinde talyplar we mekdep okuwçylary bar. Olar bäsleşige fortepiano, skripka, estrada aýdymy, wokal, halk saz gurallary, ýekelikde halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şeýle-de şekillendiriş sungaty we çeper senetçilik ugurlary boýunça gatnaşyp, öz zehinlerini görkezmäge çalyşdylar. Netijede, ýaşlarymyz saz ugrundan 2 sany kümüş, 2 sany bürünç medallara, 2 sany tapawutlanan diploma, çeperçilik ugrundan 2 sany suratkeş tapawutlanan Diploma mynasyp boldular. Şol ýeňiş gazananlaryň içinde mekdep okuwçylarynyň-da bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Olardan skripka ugry boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Elina Gurbanowa 3-nji orna, bürünç medala, şol sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Otuzowa tapawutlanan Diploma mynasyp boldy. Şekillendiriş sungaty ugrundan Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Selbi Nurýagdyýewa tapawutlanan Diplom bilen sylaglanyldy. Biz hem bu zehinli jigilerimizi gazanan ýeňişleri, üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Bu bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny-da siziň bilen paýlaşmagy makul bildik: