"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Asylly ýörelgeler – ýaş nesillerimize görelde

Şu ýylyň 3-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine bardy we milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary we olary örmek üçin niýetlenilen iş guralyny bu muzeýe gowşurdy. Bu bolsa türkmen halkynda enä goýulýan sylag-hormatyň diýseň ýokarydygyny, Ogulabat ejäniň sünnäläp ýerine ýetiren el işleriniň — milli gymmatlyklarymyzyň, nusgalyk durmuş tejribesiniň, manyly ömür ýolunyň gyz-gelinlerimiz üçin görelde mekdebidigini aýdyň görkezýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren el işleri — haly, keşdedir alaja babatynda-da şeýle. Ene-mamalarymyz el işlerini nesilden nesle geçirip, asyrdan asyra aşyryp, şu günlerimize gelip ýetmeginde uly tagallalary edipdirler. Türkmen gyz-gelinlerine mahsus edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk ýaly häsiýetler bilen birlikde eliniň çeper bolmagyna hem üns beripdirler. Gyzjagazlara alaja işmegi, örmegi, keşde çekmegi öwretmekligiň üsti bilen olarda zähmete bolan söýgini oýarypdyrlar. Şeýlelikde, el hünärleri taryhyň dürli döwürlerinde dürli röwşe eýe bolup, has-da kämilleşipdir we ony ýaş nesillere öwretmek däbe öwrülip, ol asylly ýörelgeler halkyň aňynda, durmuşynda mynasyp orun alypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyndan dürdäne jümleler

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir. * * *

Biz — Garaşsyzlygyň bagtyýar ýaşlary

Bereketli güýzüň tyllaýy günlerinde — 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenýär. Bu ýyl döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny gazananyna 32 ýyl dolýar. Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş bagtyýar ýaşlar hem şu ýyl 32 ýaşaýar. Olaryň guwandyryjy gadamlarynda, üstünliklerinde we kemally şahsyýetinde özbaşdaklygymyzyň, erkana ösüşiň miweleri görünýär. Garaşsyz döwletlilik ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşan arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky arzuw-maksatlarynyň binasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzda geçmişimiz, şu günümiz, geljegimiz jemlenendir.

Bilimli nesil — bagtly nesil

Islendik ýurduň kuwwaty diňe bir onuň ýerasty ýa-da ýerüsti baýlyklarynda bolman, eýsem, şol ýurtda ylym-bilime berilýän ünsüň näderejede çynlakaýlygyndadyr. Hut şol nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna geçen gününden başlap, bilim ulgamyna aýratyn çemeleşip, ençeme mekdeplerdir çagalar baglarynyň, ýokary hem orta hünär okuw mekdepleriniň, sport we sungat desgalarynyň düýbüni tutdy, olar häzirki wagtda öz doly güýjünde ýaş nesle ylym-bilim bermek ugrunda hereket edýär. Aslynda, ata Watanymyzda her okuw ýylynyň başynda täze okuw mekdepleriniň, bilim ojaklarynyň düýbüniň tutulmagy ýa-da olaryň dabara bilen açylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Ýiti zehinli saýrak bilbiller: beýik döwrüň belentden waspyny etdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Watansöýüjiligi, dost-doganlygy, ynsanperwerligi wasp edýän bagtyýar çagalarymyz biziň geljegimizdir. Döwrüň belent ruhuny onuň raýatlarynyň saýrak dilinden, döredýän sungat eserlerinden, ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryndan, tanslaryndan aňlamak bolýar. Çünki her döwrüň öz keşbi döredijilik adamlarynyň dünýäsinde mynasyp ornuny tapýar. Mahlasy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy hem ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň arasynda geçen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginde görnetin aýan boldy. Ondaky her bir ýerine ýetirilen çykyşlarda ata Watanymyzyň uly ösüşleri, halkymyzyň milli gymmatlyklary, tebigatymyzyň ajaýyp gözellikleri, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy

Bu hoş habar barada ýakynda ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda beýan etdi. Žurnalymyzyň gadyrly okyjylary, siz bilýänsiňiz, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Olarda mukaddes Watana, baý tebigata söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Men 1-nji synpa gidýärin

Arzyly tomsuň tamamlanyp, tyllaýy donuny geýen güýzüň ilkinji gününde ak mekdepleriň ýagty otaglaryna dolan bagtyýar körpeleriň ýürek joşguny, hyjuwy egsiler ýaly däl. Bu gün ilkinji gezek bilimler dünýäsine gadam basan elleri ýantorbaly, owadan lybasly, kalby buýsançly eziz körpeleriň — 1-nji synp okuwçylaryň ýürek sözlerini, arzuwlaryny eşitmek her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek.  Emir BAÝRAMOW,Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy:

Üns beriň, bäsleşik!

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylary hekaýa, düzme ýazmak we çekilen suratlar boýunça gatnaşyp bilerler.

Magtymgulynyň döredijiliginde pasyllar

Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň mirasynda durmuşyň ähli ugry çeper sözüň üsti bilen beýan edilýär. Bu ugurda söz ussadynyň pasyllar hakynda döreden şygyrlary hem çuňňur mana eýe. Ilki bilen söz ussadynyň «Üçi öwlatdan» atly goşgusyndaky setirlere nazar salalyň:

Hasar dagy

Magtymguly PYRAGY Hasar dagy beýik bolar,Üsti doly keýik bolar,Mergenlere seýik bolar,Barsaň Hasar dagyndadyr.

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna

Döwletlilik baýramy Aýdymlar aýdylsyn, çalynsyn sazlar,Giňden guraň bu gün baýram döwresin.Beýik Garaşsyzlyk günüdir bu gün, Türkmenistan atly beýik döwletiň!

Adam bolmak kyn...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Çaga kalbynyň owazy

Salam, mekdebim! Ýene şowhun bilen dolduk goýnuňa,Bilimler mekany, salam, mekdebim!Gujak açyp, garşy aldyň sen ýene,Bilimler mekany, salam, mekdebim!

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Eziz jigiler, žurnalymyzyň bu sahypasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň çeken baýramçylyk suratlaryny size hödürleýäris! Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli çekilen bu suratlarda ýaşajyk suratkeşler mukaddes baýramy ajaýyp suratlandyrmagy başarypdyrlar. Garaşsyzlyk binasyny, toý lybasyndaky çagalary, päkize asmanymyzy, ahalteke bedewini, umuman aýdanyňda, baýramçylyk ruhuny kagyza geçirip, täsin surat eserlerini döredipdirler. Reňkleri dogry saýlap, ýerbe-ýer ulanyp, özboluşly we ajaýyp suratlary çeken jigilerimiziň «berekellasyny» ýetirip, olaryň ussat suratkeş bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris!

Tylla güýzüň gujagynda

(Oýlanma) Ine, tylla güýz geldi. Onuň her bir güni şatlyk-şowhun bilen gurşalan. Men güýz paslynda tebigatda gezelenç etmegi halaýaryn. Güýzde daş-töwerek zer çaýylan ýaly, hemme zada täsin reňkleriň öwüşgini siňýär. Hatda mekdebimiziň howlusyndaky baglaram sary ýapraklar bilen örtülýär. Mymyjak öwüsýän şemala gaýyp düşýän ýaprajyklar biziň synp otagymyzyň penjiresiniň öňünde geň-enaýy görnüşleri döredýärler. Ynha, mekdebimiziň gülli aýmançasynda owadan güýz gülleri açylyp dur. Men olara seredip, oýa batýaryn. Hakykatdanam, enaýyja, saryja güýz gülleri ýüregiňi joşdurýar.

Bagtyň petegi

(Hekaýa) Güýz günleriniň biridi. Howludan daşa çykmazlygy berk tabşyrylan Meret top oýnap ýördi. Öýleri uly ýola golaý bolansoň, olaryň deňinden ulaglar yzyny üzmän diýen ýaly geçýärdi. Topy üçin howludan çykan Meret şemalyň badyna uzaklaşyp barýan topunyň yzyndan zordan ýetdi. Öýlerine tarap ýönelen Merediň gözi ýoluň gyrasynda ýatan del zatda eglendi. Daş-töweregine garanjaklap, del zady eline aldy. Ol haýsydyr bir ýolagçynyň gaçyran gapjygydy. Oglanjyk öýlerine gelip, gapjygy bada-bat açmak bilen boldy. Gapjygy açany şoldam welin, onuň gözleri bir arzyly zada düşen ýaly ýagtylandy. Kiçijik Meretjik heniz bir sapar hem sirke gidip görmändi. Gapjykda sirke girmek üçin iki sany petek, eýesiniň iş ýeriniň salgy ýeri, bank karty we nagt pul bardy. Meret ilki petekleri almagy ýüregine düwüp, duran ýerinden bat alanam şoldy welin, kakasynyň aýdan sözleri ýadyna düşdi: «Oglum, adam bagtly bolmagy, maksatlaryna ýetmegi üçin mydama arassa pikirli bolmalydyr. Islendik işde sap hereket mydama iň gowy zatlara ýetirýär...».

Ýola çyksaň, ägä bol!

Biziň her birimiz ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etsek özümiziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň jan saglygyny goradygymyz bolar. Şonuň üçin sürüjilerem, pyýada ýolagçylaram ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidirler. Iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanylýan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmakdan gözbaş alýar.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) «Dopbujyk». Sentýabr aýy geldi, pagta ýygymy başlandy. Eger ýoluň ugrunda ýatan ýekeje hana pagtany görseňiz näme ederdiňiz? Taşlap, üstünden ätläp geçerdiňizmi ýa galdyryp, ýygymçylara bererdiňizmi? Gürrüňsiz, bu ýollaryň ikinjisini saýlardyňyz, şeýle dälmi? Ýöne şahyr Aky Baýmyradowyň çaklaňja poemasynyň baş gahrymany näme etdikä? Muny bilmek isleýän bolsaňyz, şahyryň 2008-nji ýylda çapdan çykan çaklaňja kitabyny okap görüň. Bilýäňizmi, kitapça bary-ýogy 12 sahypadan ybarat. Her sahypadaky bentleriň sanam bäş-altydan kän däl. Garaz, birnäçe minutda okap, ahyryna çykyp boljak kitap. Ýöne «Dopbujygyň» size berjek maslahaty kän. Ol barada kän oýlanyp gezersiňiz. Şonuň üçin hem «Dopbujyk» täze okuw ýylynyň ilkinji aýynda okajak kitaplaryňyzyň biri bolsun!

Goýnuň näçe ýaşynda?

Obada ýaşaýan çagalaryň goýny görmedigi ýokdur. Okuwdan boş wagtlary ata-enelerine goýun bakmaga kömekleşýänleri-de bardyr. Ýöne tokly, işşek, öweç ýaly sözleriň goýun bilen baglydygyny bilselerem manysyny aňlap bilmeýän çagalar az däl. Guzynyň nämedigini çagalaryň bilmeýäni ýok. Ol goýnuň täze dogan çagasy. Okuw kitabymyzdaky:

Zehinliniň gazanany üstünlik bolar

Ýaşlaryň arasynda zehinlileri, ukyp-başarnykly erjelleri ýüze çykarmakda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Ine, şeýle bäsleşiklerde zehinli jigilerimiziň ýene biri bilen tanyş bolduk. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Çary Akmyradowdyr. Ol fizika dersinden birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda gurnalan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Şol bäsleşikde Çary Akmyradow «Elektrik toguny simsiz aralyga geçirmek» atly taslama işi bilen 3-nji orna, bürünç medala mynasyp boldy. Çary Akmyradow bu bäsleşigiň sergisine hem gatnaşyp, taslama işiniň ähmiýeti, gurluşy barada gürrüň berdi. Onuň bu taslama işi mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň birnäçesiniň ünsüni özüne çekdi. Çary jigimiz şu ýylyň mart aýynda şol taslama işi bilen umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda takyk ugry boýunça altyn medala eýe boldy. Şeýle-de ol bu taslama işi bilen 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1–14-i aralygynda Nýu-Ýorkda geçen «UNIPO-2023» (Universal Project Olympiad)