(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)
Ýagmyr Pirgulyýewiň «Bahar sowgady» atly goşgular ýygyndysy. Size mundan 45 ýyl ozal çap edilen ýene bir gyzykly goşguly kitaby okamagy maslahat berýäris. Şahyr Ýagmyr Pirgulyýewiň adyny we goşgularyny siz okuw kitaplaryňyzdan hem okan bolsaňyz gerek. «Bahar sowgady» bolsa size şahyryň 25-e golaý goşgusyny we bir poemasyny hödürleýär. Goşgularyň arasynda erteki görnüşinde ýazylan goşgular hem bar. Diýmek, bu kitaby okamak bilen bir hatarda, siz şol bir wagtyň özünde hem goşgy, hem erteki okamak mümkinçiligini gazanarsyňyz.