Ýeňişli menzillere tarap

12 Noýabr 2023
816

Sportuň ýeňil bolmadyk görnüşini saýlap alan Maýagözel Hürmenowa ezber ýaş türgenleriň hatarynda tanalýar. Ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynda okaýar.

Entek ýaşlygyna garamazdan, sporta ykbalyny baglan Maýagözel Gumdag şäherçesindäki 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça gurnagyna gatnap ugraýar. Tälimçisi Orazgylyç Çopanowyň, şeýle-de tejribeli halypa hökmünde kömek-ýardamyny gaýgyrmaýan Aman Meredowyň tabşyryklaryny kemini goýman ýerine ýetirýär hem-de deň-duşlaryndan tapawutlanýar. Ýaş agyr atletikaçy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Balkan welaýatynyň birinjiliginde 45 kilogram agram derejesinde çykyş edip, jemi 109 kilogram netije görkezýär we şeýle ýaryşlardaky ilkinji altyn medala eýe bolýar. Şol ýylyň dekabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýetginjekleriň arasynda guralan Türkmenistanyň birinjiliginde 49 kilogram agram derejesinde çykyş eden Maýagözel jemi 120 kilogram agyrlygy göterip, ikinji orna mynasyp bolmagy başarýar. Şu ýylyň maý aýynda Mary welaýatynyň merkezi şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky ýurdumyzyň birinjiliginde 55 kilogram agram derejesinde çykyş edýär hem-de jemi 125 kilogram agram derejesinde netije görkezip, ikinji orna mynasyp bolýar.

Akbäbek SATLYKOWA,
«Balkan» welaýat gazetiniň bölüm müdiri.