Oňa näme üçin «ata» däl-de, «baba» diýýärkäk?! Ol ýönekeý bir baba hem däl-de, hemmeleriň Aýazbabasy. Ony üç ýaşlyja körpejeden başlap, uly ýaşlylaryň hemmesi tanaýar, ony diýseň gowy görýärler, onuň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Hany, aýdyň, Täze ýylyň öňüsyrasynda bezegli arçanyň daşynda el-ele berip aýlanýarkak, onuň sowgat haltaly, eli hasaly gapydan ýylgyryp girerine garaşmadykmy?! Oňa öz öwrenen goşgudyr tapmaçalarymyzy aýdyp, onuň sowgadyna mynasyp bolmagy haýsymyz islemedik?! Megerem, her birimiz şeýle bagtly pursatlaryň şaýady bolandyrys. Bu güler ýüzli, sakgal-murty ap-ak, päk ýürekli mähriban ynsana meňzejek bolup, kän-kän oglanjyklar sakgal-murt dakynyp, eline hasa alyp, akja don geýnendir, onuň sesine meňzedip, Aýazbaba bolmaga çalşandyrlar. Asyl, oňa her birimiz meňzemek isledik, diňe bir meňzemegem däl, hut özi bolasymyz geldi. Aýazbaba — meniň bilen birlikde ähli çagajyklaryň hem iň söýgüli gahrymany.