Döwrebap bilim ojagy

12 Noýabr 2023
1181

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri aklygy, gözelligi, ajaýyp gurluşy bilen haýran galdyrýar. Biziň döredijilik toparymyz hem bu «akylly» şäheriň her bir binasy hakyndaky maglumatlary yzygiderli we giňişleýin okyjylaryna ýetirip durýar. Biziň bu gezekki syýahatymyzyň ýazgysy bolsa çagalaryň söýgüli ýeri bolan bilim ojagy hakynda.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde sowatly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli ylym-bilim maksatly edaralaryň, mekdepleriň gurlup ulanylmaga berilmegi her bir ýaş nesilde ylym-bilim dünýäsine bolan söýgini artdyrýar. Onuň şeýledigine biz Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda myhmançylykda bolanymyzda-da aýdyň göz ýetirdik.

«Güneş».