Her Täze ýyl baýramynda çagalar Aýazbabadan sowgada garaşýar. Bizem şeýledik. Aýazbabanyň arçanyň aşagynda goýup giden sowgadyny Täze ýyl gijesiniň ertesi joram Aýnura görkezerdim. Olam öz sowgadyny alyp gelerdi.
Şol ýyl bolsa biz Aýnur bilen Aýazbabanyň özüne sowgat bermegi dilleşdik. «Sowgat edeli» diýeniň bilen bolaýýarmy? Aýazbaba näme sowgat berjegimizi bilmän gaty kän pikirlendik. Ejeme maslahat salanymyzda: «Siz gowy okasaňyz, özüňizi oňat alyp barsaňyz, akyllyja bolsaňyz — Aýazbaba iň gowy sowgadyňyz şol» diýdi. «Ol sowgady ýylda-da edip ýörüs, şu ýyl başga bir zat beresimiz gelýär» diýdim. Şondan soň ol biraz pikirlenip oturdy-da: «Gyzym, siz oňa öz eliňizden gelýän zady sowgat etseňiz gowy bolar. Şonuň üçinem Aýazbabadyr Garpamygyň suratyny çekiň-de, bukjanyň içine salyp goýuň. Şeýle sowgada ol gaty begener» diýdi. Ejemiň teklibi bilen Aýnur begenip razylaşdy. Ýogsam näme, ol suraty maňa görä has gowy çekýär ahyryn.