Ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, eşretli zamanamyzy, çagalaryň bagtyýarlygyny wasp edýän aýdym-sazlary, çeper okaýyşlary diňlemek biziň ählimiz üçin diýseň ýakymly. Şeýle aýdymdyr sazlary ýerine ýetirýän çagajyklar — kiçijik merdanalarymyz bolsa-ha bu özboluşly öwüşgine eýe bolýar. «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi hem aýdym aýtmaga ukyply, şahandaz, zehinli, kiçi ýaşly oglanjyklaryň birnäçesini bir ýere jemledi.
«Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen, diýseň şadyýan, zehinli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bäsleşikdir. Ýakynda, has takygy, şu ýylyň 8-nji dekabrynda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan «Merdana nesil — 2023» şadyýan bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş nesillerimizdir.