Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetler

20 Dekabr 2023
998

(Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda)

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetlerde «Perhary-Nowruz» ady bilen agzalýan ýordum «Gül-Nowruz» eseridir. «Perhary» ýordumdaky gahrymanyň — Gülüň artykmaçlygy üçin berlen atlandyrma bolmaly, ýagny «perilerden hem gözel, owadan, zyýat» diýen manyda. «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde» «perhar» sözüniň Hytaý bile Kaşgaryň aralygyndaky bir welaýatyň adydygy, onuň owadan gözelleri bolandygy üçin şahyrlaryň ünsüni çekendigi we şonuň üçin bu sözüň «owadan, görmegeý» manylarynda hem ulanylýandygy aýdylýar.

Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».