Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilime, döredijilige, sungata we sporta höweslerini artdyrmak, olary gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça kämilleşdirmek we yzygiderli bäsleşikleri gurap, täze-täze üstünliklere ruhlandyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän şol döwlet syýasaty ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýagty ertirlerine gönükdirilip, olaryň bagtyýarlygyny üpjün edýär.
«Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.