Parahatçylygyň ýaş waspçylary

20 Dekabr 2023
561

Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna, bagtyýarlyga beslenen dabara Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýaýbaňlandy.

Üç ugur boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde eminler topary 15 okuwçyny ýeňiji diýip yglan etdi. Şol bäsleşigiň düzme ýazmak ugry boýunça jemi 5 okuwçy sylaglandy. Bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasyndan zehinlilerini ýüze çykarmaga, olary döredijilik gözleglerine itermäge ruhlandyrdy. Netijede, abadançylygyň ýaş waspçylary bagtyýar Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişliklerini öz işlerinde ussatlyk bilen beýan etmegi başardylar. Biz hem şol bäsleşigiň ýeňijileriniň «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerinden bölekleri okyjylarymyza ýetirýäris.