Gadyrly çagalar, örän baý söz goruna eýe bolan ene dilimizdäki käbir sözleriň asyl manysyny öwrenmek, olar barada düşündirişleri okamak siziň ähliňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Olar biziň gündelik eşidýän, ýöne gelip çykyşy barada takyk maglumatlary bilmeýän sözlerimiz ýa-da kitaplarda gabat gelýän, emma gündelik durmuşymyzda ulanmaýan sözlerimiz-de bolup biler. Geliň, şeýle sözleriň käbirleri dogrusynda gysgaça durup geçeliň!
Çeçek — Türk dilinde we türki dilleriň käbirinde «gül» manysynda çeçek sözi ýörgünlidir. Parslaryň «gül» sözüni gysyp çykarýança, bu söz türkmen dilinde-de ulanylypdyr. Nusgawy edebiýatdan mysallar: Jerenler çeçeklerden otlap ýörer erdi («Leýli-Mejnun»). Ýarym ki hyýal etmiş, başyga çeçek sanjar (Gaýyby). Gül-çeçek diýen söz düzüminde we ärsarylardaky Çäjek, Gülçäjek, Aýçäjek ýaly gyz atlarynda bu söz häzire çenli saklanýar. Aslynda, çeçek sözi çeç (seç) kökünden we at ýasaýjy –ek goşulmasyndan hasyl bolup, «açylan, çözlenen, seçelenen gunça» diýen manyny aňladýar.