(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda)
Nobatguly Rejebow, «Dili peltek — bezbeltek». Nobatguly Rejebow ulularyň hem diýseň söýüp okaýan şahyrlarynyň biri. Onuň çagalara niýetläp ýazan goşgulary tüýs çaga dünýäsine kybap. Bu goşgularda gyzyklyja wakalar hem, degişme-de, täsinlik hem näçe diýseň bar. Goşgular, bir görseň-ä, sizi alabaharyň täsin günlerine, bir görseň, deňze, bir görseňem, daga syýahata alyp gider. Kitabyň sahypalarynda öýi bulaşdyrýan Myratdan öýkelän sübsä, aglajyk Agalyjyga, eliniň hapasyny bahana edip, aýagyny ýuwmaga ýaltanýan oglanjyga, başga bir ýyndam oglanjyga, ikiligi bir görseň-ä, elektrikleriň demir dyrnagyna, bir görseňem, gaza meňzedip ýören Esene, akwariuma eremeýän buzdur öýdüp ýören balyjaga gabat gelersiňiz. Garaz, her goşgy sizi aýratyn dünýä alyp gidýär. Bary-ýogy 30 sahypalyk kitabyň siziň şu ýyl okan goşguly ýygyndylaryňyzyň iň gowularynyň biri boljakdygyna ynanýarys.