Tebigatymyzyň gözelligini goralyň!

9 Maý 2024
1211

Mähriban çagalar!

Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň howasyny arassalaýar. Sebäbi kislorodyň altmyş göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Tokaý dünýäniň ähli ýurtlarynyň halk hojalyklarynyň aglaba pudaklarynyň çig mal alýan ýaşyl hazynasydyr. Emma gynansagam, tokaý seýilgäh zolaklarynyň bir howply garşydaşy bar, ol bolsa ýangyn howpudyr. Köp ýyllaryň dowamynda gözel tebigatymyz tarapyndan emele gelen ýa-da zähmetsöýer raýatlarymyzyň azaby bilen döredilen tokaý seýilgäh zolaklary ýangyn howpundan heläk bolup bilýändigini unutmaly däldiris.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölüminiň müdiri.