(Hekaýa)
Durdy ekabyr çykyp barýan oglanjykdy. Ýöne näme üçindir onuň zähmet bilen arasy o diýen däldi. Ýogsa öýüň ýeke çagasy ýa bir körpesem däl, ol maşgalada ortanjy oguldy. Kakasy mugallym bolansoň, säher bilen işe giderdi. Ejesi-de uly hojalygyň işleri bilen başagaýdy. Durdy bolsa çaý-çörekden soň, uzynly gün syrgynyň oglanlary bilen ýa aşyk oýnar, ýa-da çilik.