Salam, tomus! Seniň geleriňe ulular hem garaşandyr welin, çagajyklaryň-ha garaşanlygyna şek-şübhe ýok. Olaryň käbiri sende ýetişýän ir-iýmişleriň datly tagamyny küýsäp garaşan bolsa, ýene käbirleri sergin howaly Gökderededir jenneti mekan hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almaga howlugdylar. Obada ýaşaýan atalarynadyr dogan-garyndaşlaryna gezmäge gidip, tomsuň agramly bölegini şol ýerde geçirmäge höwesek şäherli çagalar-da kän. Tylla güýz, aýazly gyş, al-elwan gülleri bilen topraga haly ýazan ýaz, bularyň ählisi öz nobatyny yzygider ötürip, öz ornuny tomus paslyna berdiler. Eý, tomus, seniň gelmegiň bilen hatda Gün hem has-da sahylaşyp, jomartlaşyp, öz nuruny bolluk bilen eçilýär.
Ajaýyp goýnunda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ençemesini jemleýän Gökdere tomsuň gelmegi bilen ýaşajyk nesillerimize giňden gujak açdy. Awazada we mekdepleriň çäklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri-de dynç alýan, wagtyny hoş geçirýän çagalardan doldy. Bu ýerde çagalar dünýä ülňülerine laýyk derejede dynç alýarlar, kitaphanalarda kitap okamak bilen meşgullanýarlar, surat çekýärler, oňat naharlanýarlar, wagtly-wagtynda ukularyny alýarlar, bilim-sowadyňy artdyrmaga itergi berýän oýunlary oýnaýarlar. Toparara, merkezara guralýan dürli sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen deň-duşlary bilen pikir alyşýarlar, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýärler. Täze dostlary, joralary gazanýarlar. Şol merkezlerde dynç alýan çagalary synlanyňda, ulularyň hem çaga bolup, gyzykly, täsirli günlere gaýtadan dolanasy gelýär.