Şu gün — 2-nji iýulda paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda çäre geçirildi. Bu çäräniň maksady çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek bolup, körpe nesliň söýgüsini gazanan kitaplaryň birnäçesi olaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri, suratlar bilen owadan bezelen hekaýalydyr goşguly, ertekili kitaplar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar kitaplarynyň bezeg aýratynlyklarynyň özboluşlylygy olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň zähmetsöýer işgärleri bu ýere ýygnanan çagalary daşyna jemläp, olara gysga göwrümli kitaplary we kitaplardan bölekleri okap berdiler, okamaklygyň, öwrenmekligiň ähmiýetini dürli tymsallaryňdyr rowaýatlaryň üsti bilen düşündirdiler. Bu çäräniň üsti bilen dynç alyş möwsüminde hem kitapdan üzňe bolmaly däldigi çagalara ýene bir gezek maslahat berildi we kitaphananyň ýaşajyk okyjylarynyň ýylsaýyn köpelýändigi buýsanç bilen nygtaldy.
Bagtly çagalaryň mekany diýlip tanalýan ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim-ylym almaklary, dynç alyş möwsümlerini oňat geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar çagalaryň kitap bilen dost bolup, dünýägaraýyşlaryny, gözýetimlerini has-da giňeldýändikleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hut şonuň üçin hem kitap bilen ylmyň, bilimiň basgançaklaryndan diňe öňe ilerläň, eziz jigiler!