Gulliweriň täsin syýahaty

11 Iýul 2024
486

Megerem, siz deňze çykyp, täsin wakalara, geň-enaýy başdangeçirmelere duçar bolan adamlar baradaky gyzykly filmlere ýa-da multfilmlere tomaşa eden bolsaňyz gerek. Şolaryň içinde iň gyzyklysy siziň üçin haýsysy?! Özüm-ä Gulliweriň syýahatyny saýlap alardym. Sebäbimi?! Deňze syýahata çykan Gulliweriň barmak boýluja, kiçijek girdenekleriň ýurdunda başdan geçirýän gyzykly wakalary, geň-enaýy pursatlary diňe bir meniň däl, dünýäniň ähli çagalarynyň hem ünsüni özüne çekendir.

Geliň, başdan başlalyň! Irland ýazyjysy Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahaty» atly meşhur eseri esasynda surata düşürilen multfilm hemmeleriň ýadyndadyr. Onda Lemuel Gulliwer atly lukman deňizdäki birnäçe adalarda syýahat edip ýörkä, ol ýerde kiçijek boýly girdenekleriň ýurduna düşýär. Göwresi äpet, döw ýaly Gulliweri gören girdenekler heniz ol ukudaka ýüp bilen daňyp, ondan heder edýärler. Emma päk ýürekli Gulliwer olara zyýan ýetirmän, girdenekler bilen mähirli gatnaşyk saklaýar, olara kömek edýär. Ol girdenekleriň ýurdunda bolanda, ol ýerdäki birnäçe kynçylyklary, uruş-dawany hem çözüp berýär. Gulliweriň mähribanlygy, şadyýanlygy, ak ýürekliligi hemmeleriň, hatda kiçijek girdenekleriň hem göwnüne ýaraýar. Şeýdip, bu äpet adam dünýäniň ähli çagalarynyň, hatda uly ýaşlylaryň hem söýgüli gahrymanyna öwrülýär.

Daýanç DÖWLETMYRADOW,
Aşgabat şäherindäki 98-nji orta mekdebiň okuwçysy.