Bagt ýaýrar çagalaň şat sesinden, Sowgat boldy «Arkadagly nesiller»

15 Iýun 2024
868

Gül-gunçalaryň ösýän ýerinde, gözellikler, kebelekler, göze ýakymly görnüşler hem peýda boluberýär. Ynanmasaňyz, gülleriň parç bolup oturan ýerine nazar aýlaýyň, ähli zat gülüň yşkynda perwanadyr. Kebelekler gülüň gunçalaryna gonup, ondan bal şiresini toplap ýören bolsalar, janly-jandarlar, hatda ynsanlaram gülüň gözelligine seredip ganyp bilýän däldirler. Eger-de gül-gunçalaryň gözelligine, görkanalygyna hyrydarlar şeýle kän bolsa, durmuşyň gül-gunçalary hasaplanylýan eýjejik, naşyja balajyklara, garagöz çagajyklara bildirilýän söýgi-mähir näçekä?! Olara söýgi, hormat ummasyzdyr. Ýylgyryşy açylyp duran gülleri ýadyňa salýan bagtyýar çagalar — biziň durmuşymyzyň, ömrümiziň nowjuwan gülleri, ter çemenleri. Olaryň bar ýerinde, ýaşaýyş, gülki, şatlyk bar. Olaryň ýylgyran ýerinde ýaşaýşa höwes, hyjuw, söýgi bar.

Çaga gülküsiniň hemişelik ýaňlanýan ýerinde — ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň şadyýan oýnap gülmegi, rahat dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda tomusky dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpeler çäksiz mähir-söýgi bilen gurşalyp, olaryň dynç alyş günleriniň gyzykly, manyly geçmegi üçin ýurdumyzda birnäçe döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Tomsuň ilkinji günlerinden çagalaryň ýüzlerçesini öz gujagyna ýygnan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ähli döwrebap şertleri, dynç almaga oňaýlylygy, rahatlygy bilen çagalara soňsuz şatlyk, bagtyýarlyk eçilýär. Ine, ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli bu ýyl Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» atly çagalar dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu döwrebap çagalar dynç alyş merkezi ýurdumyzyň bagtyýar körpeleri üçin uly baýramçylyk sowgady boldy.

«Güneş».