Haýwanlary söýýän oglanjyk

4 Awgust 2024
557

Biziň aramyzda janly-jandarlary, haýwanlary söýmeýän barmyka?! Megerem, ýokdur. Iň bärkisi, pişijeklerden başlap, iň uly ýyrtyjylary — gaplaňy, ýolbarsy, aýyny... gowy görüp, olar bilen dostlaşmagy arzuw edýän çagalar hem bar ahyry. Bular hakynda gürrüň etsek, ilki bilen, tokaýda ýaşaýan şol edermen, gaýduwsyz Maugli göz öňüňize geldi gerek?! Şeýle dälmi?! Ýöne bu gezekki gürrüň etjek gahrymanymyz Maugli hakynda däl-de, şonuň ýaly batyrgaý, gorkmazak oglanjyk barada.

Hany, göz öňüne getirip görüň, edil Maugli ýaly tokaý haýwanlaryny gowy görüp, olary dürli howplardan, awçylardan goramagy başarýan ol oglanjyk kimkä?! Eýýäm bilen bolsaňyz gerek! Hawa, ol oglan — Döwran. Siz, megerem, «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper filme tomaşa edensiňiz. Çagalaryň gyzykly durmuşyndan söhbet açýan filmde Döwran atly oglanjyk tokaý haýwanlaryny — keýijegi, guşlary, sülgünleri... awçylaryň gazaply penjesinden halas edýär. Tokaý haýwanlaryny awlap, duzak gurup, janly-jandarlara uly zyýan ýetirmek isleýän üç sany awçydan ýeke özi rüstem gelýän Döwran diýseň ugurtapyjy, gaýduwsyz. Ol awçylaryň ýaraglaryny ýygnap goýup, öz guran duzaklaryna özleri düşer ýaly hile-tilsim oýlap tapýar. Awy oňman, dürli kynçylyklara sezewar bolan awçylar ahyrsoňy açlygyna çydaman, tokaýdan ökje göterýärler.

Ahmetýaz HAŞYMOW,
Ýolöten etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň okuwçysy.