Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

4 Awgust 2024
607

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Amanmuhammet Orazmyradow. «Köz çokan togdary». Ol näme üçin köz çokaýdyka? Aslynda, hakykatdanam, köz çokdumyka ýa-da köze meňzeş başga bir zady? Şeýle täsin atly bu kitap jümmüşindäki hekaýalaryň täsinligi bilen hem özüne çekýär. Kitap kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen hem bolsa, şu ýyl onuň öz ýaşy 51-e gadam goýýar. Ýöne bu kitap heniz hem deň-duşlaryňyzyň elinden düşenok. Çünki ondaky hekaýalarda kepderileriň nädip ýuwnuşy hem, arylaryň urşy hem, zemzenleriň oýny hem bar. Ýazyjy diňe haýwanlar ýa-da janly-jandarlar barada hekaýa ýazman, eýsem, käbir täsin häsiýetli deň-duşlaryňyzyň bolşuny hem hekaýa geçiripdir. Şonuň üçin hem ondaky hekaýalaryň köptaraplydygy bilen ünsüňizi özüne çekjekdigine ynandyryp bileris. Bary-ýogy 30 sahypadan gowrak kitapda 15 hekaýa dagy bar. Gysgajyk we gyzykly hekaýalar siziň tomusky dynç alşyňyzy öz dünýäsine alyp gitse gerek.

Altyn AKYÝEWA,
Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory.