Saýat Nowa

5 Awgust 2024
753

(Arutýun Saýadýan)
(1712-1795)

Arutýun Saýadýanyň edebi lakamy Saýat Nowa bolup, ol ermeni şahyrydyr. Saýat Nowa ermeni, gruzin, azerbaýjan, türk dillerinde goşgy ýazypdyr. Ilkinji goşgularyny heniz çaga wagtlary ýazypdyr. Öz goşgularyny çalan sazlaryna goşup, aýdym edip aýdypdyr. Saýat Nowa öz eserlerinde, esasan, umumadamzat gymmatlyklarynyň ileri tutulýan meselelerine ýüzlenipdir. Halklaryň dostlugy, doganlygy, bütin dünýäde parahatçylygy, ula hormat, kiçä söýgi, jomartlyk, watançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeler şahyryň şygyrlarynda çeper beýanyny tapypdyr. Şeýle hem ol öz döwrüniň ozanydyr, gözelligiň waspçysydyr. Onuň 200-den gowrak goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Saýat Nowanyň türkmen diline terjime edilen kitaby 1976-njy ýylda çapdan çykýar. Ýurdumyzyň bagşylary Saýat Nowanyň sözlerine «Nurana Aý», «Ýokdur taýyň», «Sataşa-sataşa» ýaly birnäçe aýdymlaryny aýdýarlar. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowanyň (Arutýun Saýadýanyň) ýadygärliginiň goýulmagy Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkider.