"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Serhetçileriň bagtdan paýly balalary

Dagyň etegi bilen öwrüm eden ulag ho-ol uzakda seleňläp oturan serhet galanyň girelgesinde saklandy. Suratkeşiň owadan eserine meňzeş daş-töweregiň gözelligini taryplamaga söz gerek. Döwrebap serhet galasynyň çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasynda oýnap ýören çagajyklaryň bagtly, şatlykly pursatlary ilki bilen özüne maýyl etdi. Myhman gelenini görüp, ýanymyza ylgap gelen çagajyklar mähirli salamlaşyp, özleri bilen tanyşdyranlaryndan soň, biri-birinden öňürdip öwrenen goşgularyny aýdyp berdiler. «Aýterek-Günterek», «Bäşdaş», «Gizlenpeçek» ýaly oýunlary oýnaýandyklaryny hem gürrüň berdiler. Garaz, ilatly nokatlardan uzakda mukaddes dost-doganlyk serhetlerimiziň asudalygyny goraýan edermen gerçeklerimiziň mähriban perzentleriniň durmuşy örän täsinden gyzykly. Onsoň olaryň bagtly pursatlary barada «Güneşiň» okyjylaryna hem ýetirmegi müwessa bildik. Suratkeş gyzjagaz

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Asgyrmagyň medeniýeti

Burnuň nemli bardasynyň gyjynmagy netijesinde adam asgyrýar. Her bir zadyň, şol sanda asgyrmagyň hem medeniýeti, düzgün-tertibi bar. Şol kadalaryň dogry ýerine ýetirilmegi özüňiziň we daş-töweregiňizdäki adamlaryň saglygyny gorap saklamakda möhümdir. • Asgyrmak edebiniň ilkinji düzgüni ony mümkin boldugyndan bildirmän, ýuwaşrak asgyrmalydyr, ýöne burnuň üstüni ýapyp, asla sessiz asgyrmak hem zyýanlydyr.

Abuna ýazylyň!

Mähriban okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Güneş» žurnalynyň çap we elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary özbek dilinde

Şu gün — 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň ýazyjylary, Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň, Alişer Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary çykyş etdiler.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr, Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany — Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Maslahatly il myrada ýeter

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar sanardan köp. Olar halkymyzyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýär. «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok...», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»... ýaly nakyllaryň hem süňňüni halkyň agzybirlik taglymaty düzýär. Çünki agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy.

Şu günüň aladasy — geljegiň binýady

Geljek şu günden başlanýar. Şu günüň aladasy — geljegiň aladasy. Şonuň üçin hem şu günümizde amala aşyrylýan işleri biz hemişe diýen ýaly geljegi nazarlaýan işler diýip taryp edýäris. Şol beýik işler bolsa ýaşlaryň elinde. Watanyň geljegine dahylly bolmak, onuň ösüşleri bilen deň gadam urmak her bir ýaş nesliň bagtyny goşalandyrýar. Žurnalymyzyň bu sanynda şol bagtdan mynasyp paýly ýaş nesilleriň — Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň Robototehnika bilim merkezinde tälim alýan okuwçylaryň buýsançly gürrüňlerini siziň bilen paýlaşmak isledik. Çünki BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldaw bermeginde döredilen bu bilim merkezi döwrebap bilim ulgamyny we geljegiň uly ugurlaryny özünde jemleýär. Kemal SARYÝEW,Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçysy:

Halkymyzyň ruhy sütüni we ynsap ölçegi

Gadyrly çagalar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni akyldar şahyrymyza bagyşlanan çäreler bilen utgaşýar. Bu ýyl Magtymguly atamyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge, öwrenilen işleri halk köpçüligine ýetirmäge, ylmyň täze gazananlary bilen derňewleri geçirmäge giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Netijede, akyldaryň ady bilen baglanyşykly ençeme kitaplar neşir edilip, edebiýaty öwreniş ylmyndaky «magtymgulyşynaslyk» barha ilerleýär. Halkymyzyň ruhy dünýäsini, milliligini inçelik bilen beýan etmegi başaran beýik söz ussadymyzyň ady dillere dessandyr, setirleri nusgalyk görelde mekdebidir, tutuş döredijiligi bolsa «pähim-paýhas ummanydyr». Şonuň üçin-de halkymyzyň arasynda «Magtymguly aýdypdyr», «Magtymguly aýtmanmy näme?!» diýen jümleler häli-şindi gürrüňçilikde duş gelýär. Halk köpçüligi şahyryň setirlerini akyl hem nakyl edip peýdalanýar. Durmuşda şahyryň pähim-paýhasyndan görüm-görelde alýarlar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ähli şygyrlarynda gozgalýan meseleler, aýdylýan pikirler umumadamzat ähmiýetlidir. Şol sebäpden dünýä ýüzi akyldar şahyrymyzyň döredijilik dünýäsine uly gyzyklanma bildirýär. Muny belli gündogarşynas, rus alymy A.Ý.Krymskiniň Magtymguly Pyragy hakynda ylma miras galdyran şu pikiriniň esasynda hem aýdyň görmek bolýar: «Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly XVIII asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň ar

Görüm görülmegen ýerde

Magtymguly PYRAGY Yzzat, hormat, syn etmegin,Görüm görülmegen ýerde.Akyl bolsaň söz aýtmagyn,Nobat berilmegen ýerde.

Kurmangazy Sagyrbaýuly (1818 — 1889)

Mähriban çagalar, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bilen tanyşlygymyzyň barşynda size Gazagystanyň halk sazandasy, kompozitor, dombra oýunçysy, dombra üçin ýazylýan kýularyň (pýesalaryň) awtory Kurmangazy Sagyrbaýuly baradaky maglumatlary ýetirmegi makul bildik. Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýaşan döwründe ozançylyk dessury sebitde meşhur bolupdyr. Netijede, ozançylyk dessury edebiýatyň we aýdym-saz sungatynyň meşhur wekillerini öňe çykarypdyr. Kurmangazy hem şol meşhur wekilleriň biridir. Onuň halky dilde düzen şygyrlary şirin, aýdymlarynyň owazy ýakymly hem labyzly bolupdyr. Bu bolsa gazak sähralarynda ýaşan adamlarda durmuşa söýgini döredip, ulynyň-kiçiniň derdine melhem bolupdyr. Munuň şeýledigine Kurmangazynyň «Alatau» («Aladag»), «Sary-Arka» («Sary arka») eserleriniň mazmun çuňluklaryna, pelsepe dünýäsine aralaşanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu aýdymlarda daglar, bag-bakjalar, guş-gumrular, çeşme-çaýlar, mahlasy, başy belent daglaryň, joşgunly derýalaryň, ak sähralaryň tebigy täsinlikleri, janly-jandarlar... örän inçelik bilen suratlandyrylýar. Özem şu aýdymlarda tebigat janly keşpde şöhlelendirilip, ussatlarça wasp edilýär. Sungaty öwrenijiler Kurmangazynyň öz sözlerine, öz sazyna döreden hem-de özi ýerine ýetiren «Sary-Arka» aýdymyny onuň döredijiliginiň iň belent nokady hasaplaýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabyndan dürdäne jümleler

Ajaýyp sazyň syry, megerem, onuň ynsan pikiriniň köp öwüşginliligini özünde jemläp bilýänligindedir. * * *

Goşgular çemeni

Sähra Sähranyň gül ýüzünde,Leýlisaçlar, baglar bar.Deňiz, derýa hem köller,Soňlanmajak çaglar bar.

Bu erteki däl, hakykat!

(Hekaýa) Ýaňy many aňlap başlan çaga mahallaryndan ejesi Tawus daýza oňa her dürli ertekileri, rowaýatlary, hekaýatlary aýdyp bererdi. Soňra özbaşdak ertekili kitaplary okamagy arzuw edýän Bossanjyk çagalar bagyndaky deň-duşlaryndan harplary okamakda saýlanypdy. Bu özboluşly gyzjagaz mekdepde edebiýat dersi bilen has-da gyzyklanýar. Okalan täsin ertekilerden «ýüki ýeten» Bossanyň öz hyýaly dünýäsinde gyzykly kitaplardaky gahrymanlary hakydasynda janlandyrmagy, ertekilerdäki owadan bag-bakjaly şäherlerdir kentlere seýran etmegi halaýardy.

Döredijilik – täsirli sungat

Ýurdumyzda şygryýete aşyk, döretmäge yhlasly, zehinli çagalar az däl. Ine, Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň, şeýle hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylaryny şeýle çagalaryň hatarynda agzamak bolar. Ýakynda bu mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen edebiýat birleşmesi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döredijilik işini zähmetsöýerlik, yhlaslylyk, tutanýerlilik bilen bir hatarda, köp okamakdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki kämilligiň gözbaşy döredijilikli ylham-joşgun bilen birlikde, çuňňur bilimdedir. Munuň şeýledigine düşünýän dörediji ýaş nesilleriň hemişe kämillik ýoly bilen ýörejekdiklerine ynanýarys. Şu nukdaýnazardan, biz çagalara döredijilik işinde uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň döredýän goşgularyny «Güneş» žurnalynyň şu gezekki sanynda okyjylara ýetirmegi makul bildik. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.

Mukam ilkinji kakuwdan başlanýar

Sazyň ilkinji notalaryndan kalbyň heýjana gelibermesi nämedenkä?! Pianinonyň ilkinji düwmesi basylan badyna ýüregiň jigläbermesi, dutaryň ilkinji kakuwyndan köňül tarlaryň çirtilibermesi näme sebäpden?! Muňa hergiz aň ýetirip bilmersiň, hiç kim düşündirip hem bilmez. Sebäbi gudrata akyl ýetirip bolmaýar, ony diňe duýmak gerek. «Aýdym-saza gudrat» diýseň, kim muňa garşy çykar?! Eýsem, bu gudrata neneň melul bolmajak?!  Daşoguz welaýatyndaky çagalar sungat mekdebine gadam basan badyňa özüňden bidin saz bilen bagly şeýle pikir-duýgulara berleniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu ojak myhman bolup geleni saz bilen garşylaýar. Aýdym-saz mekdebiň ähli künjeginde ýaňlanýar. Şol sebäpden birbada «bu ýerde diwarlar hem owazlanýan bolaýmasyn» diýen pikir döreýär. Şol mahal meşhur nemes ýazyjysy Žan Poluň: «Saz — bu howadaky şygryýet» diýen ganatly jümlesi ýadyňa düşýär.

Ejeň ýanyňda bolsa...

(Hekaýa) Leýlijik indi özüni uly hasaplaýardy. Ol ulularyň edibilýän işlerini başaryp bilýärdi. Dagy nä?! Düýn-öňňin köwşüniň bagyny daňmagy hem öwrenmedimi näme?! Şondan soň-a onuň özüne hasam göwni ýetdi. Ony çaga hasaplap, käte onuň burnuny gysyp gitmeleri, elbetde, gaharyny getirýärdi. Beýdip göwnüýetmezçilik etmeli däl-ä! «Bolsa bolupdyr boýum kiçijek, entek menem öserin, şonda görersiňiz» diýip, hüňür-hüňür edäýmesem şondandy.

Ýylgyrýan damjajyk

(Bolan waka) Söhbet sekiz ýaşyndady. Özünden kiçi basdaş jigisi Söýli hem bäş ýaşyny doldurypdy. Söýli entek çagalar bagyna gatnaýardy. Bu gün bolsa ýekşenbe. Şonuň üçin Söhbet jigisi bilen bile oýnamaly boldy. Söhbet, adatça, ejesi çaý-nahar taýýarlaýança jigisine göz-gulak bolýardy. Özem atasynyň aýdyşy ýaly, akylly hem-de üşüklijedi.

Bezzat horaz

(Türkmen halk ertekisi) Bir bar eken, bir ýok eken. Bir garryja kempir bar eken. Onuň hem bir horazy bar eken. Ol horazyň hem gözi çaşy, aýagy bolsa çaýşyk eken. Özem şeýle bir bezzat, şeýle bir jenjelçi eken welin, hiý, ýöne goýaý. Munuň ýaly dawaçy horaz heniz Ýer ýüzünde bolmanmyş.

Çagalyk bilen ýüzbe-ýüz

Iň üýtgewçil zat arzuw. Has-da çagalykda. Çünki ynsan çagalykda diýseň arzuwçyl bolýar, özi-de bir ýa-da iki arzuw bilen kanagat etmän, arzuwlar ummanynda gulaçlap ýüzýär. Şonuň üçin hem islendik adam öz ýanyndan arzuwlary hakynda pikir ýüwürtse, biygtyýar çagalygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Biz hem ýaş döwürdeşlerimiziň arzuwlaryny aýdyňlaşdyrmagyna ýardam eder diýen umyt bilen «Halypalar çagalygyny ýatlaýar» atly sahypamyzda täze bir gahrymanyň çagalyk dünýäsine ýüzlenýäris. Biziň bu gezekki gürrüňdeşimiz Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly KASYMOW. «Çagalygymdan başlanan dünýäm hakynda gürrüň etmek bagtyndan ýüz öwrüp bolmaz-a!» diýip, teklibimizi göwünjeňlik bilen kabul eden ilhalar artistimiziň hoşgylawlygy bizi juda begendirdi. Dem salymlyk sag-amanlyk soraşmadan soň, kärine mahsus şahandazlyk bilen halypa özüniň döredijilik ýoly hakynda gürrüňe başlady: