Halkymyzyň ruhy sütüni we ynsap ölçegi

9 Oktýabr 2024
562

Gadyrly çagalar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni akyldar şahyrymyza bagyşlanan çäreler bilen utgaşýar. Bu ýyl Magtymguly atamyzyň döredijiligini içgin öwrenmäge, öwrenilen işleri halk köpçüligine ýetirmäge, ylmyň täze gazananlary bilen derňewleri geçirmäge giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Netijede, akyldaryň ady bilen baglanyşykly ençeme kitaplar neşir edilip, edebiýaty öwreniş ylmyndaky «magtymgulyşynaslyk» barha ilerleýär.

Halkymyzyň ruhy dünýäsini, milliligini inçelik bilen beýan etmegi başaran beýik söz ussadymyzyň ady dillere dessandyr, setirleri nusgalyk görelde mekdebidir, tutuş döredijiligi bolsa «pähim-paýhas ummanydyr». Şonuň üçin-de halkymyzyň arasynda «Magtymguly aýdypdyr», «Magtymguly aýtmanmy näme?!» diýen jümleler häli-şindi gürrüňçilikde duş gelýär. Halk köpçüligi şahyryň setirlerini akyl hem nakyl edip peýdalanýar. Durmuşda şahyryň pähim-paýhasyndan görüm-görelde alýarlar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ähli şygyrlarynda gozgalýan meseleler, aýdylýan pikirler umumadamzat ähmiýetlidir. Şol sebäpden dünýä ýüzi akyldar şahyrymyzyň döredijilik dünýäsine uly gyzyklanma bildirýär. Muny belli gündogarşynas, rus alymy A.Ý.Krymskiniň Magtymguly Pyragy hakynda ylma miras galdyran şu pikiriniň esasynda hem aýdyň görmek bolýar: «Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly XVIII asyryň ikinji ýarymynda türkmenleriň arasynda şöhratlanan hem-de biri-birleri bilen syýasy baglanyşygy bolmadyk doganlyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumymilli şahyr hasaplanylýar. Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok».

Garahanjar BAÝHANOW,
«Güneş».