Döredijilik – täsirli sungat

9 Oktýabr 2024
656

Ýurdumyzda şygryýete aşyk, döretmäge yhlasly, zehinli çagalar az däl. Ine, Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň, şeýle hem daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylaryny şeýle çagalaryň hatarynda agzamak bolar. Ýakynda bu mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen edebiýat birleşmesi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döredijilik işini zähmetsöýerlik, yhlaslylyk, tutanýerlilik bilen bir hatarda, köp okamakdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki kämilligiň gözbaşy döredijilikli ylham-joşgun bilen birlikde, çuňňur bilimdedir. Munuň şeýledigine düşünýän dörediji ýaş nesilleriň hemişe kämillik ýoly bilen ýörejekdiklerine ynanýarys. Şu nukdaýnazardan, biz çagalara döredijilik işinde uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň döredýän goşgularyny «Güneş» žurnalynyň şu gezekki sanynda okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.