(Türkmen halk ertekisi)
Bir bar eken, bir ýok eken. Bir garryja kempir bar eken. Onuň hem bir horazy bar eken. Ol horazyň hem gözi çaşy, aýagy bolsa çaýşyk eken. Özem şeýle bir bezzat, şeýle bir jenjelçi eken welin, hiý, ýöne goýaý. Munuň ýaly dawaçy horaz heniz Ýer ýüzünde bolmanmyş.