"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Habarlar

Magtymgulynyň gudraty

(Hekaýa) Bägül sekizinji synpda okaýardy. Ol okuwdan daşary geçirilýän çärelere höwesli gatnaşýardy. Bu gezegem oňa synplaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde enäniň keşbinde çykyş etmek ynanyldy. Bägül her gün okuwdan soň synpdaşlary bilen oýna taýýarlyk görmäge başlady. Enäniň her bir hereketini, gep-sözüni, häsiýetini öwran-öwran gaýtalap, kemsiz öwrendi.

Çaga kalbynyň owazy

Güýz ylhamy Güýz aýdymyn aýdyp ýörler,Tans oýnap sary ýapraklar.Säher çyga joşup ýörler,Bal ysy gelýär toprakdan.

Çagalar — Watanymyzyň röwşen geljegi

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa çagalary diňe bir milli ruhda däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge mümkinçilik döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalarymyz hakyndaky tagallalar täze öwüşgine eýe bolup, bu günleriň şanly taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Ony biz ýurdumyzda çagalar üçin yzygiderli geçirilýän halkara festiwallaryň, intellektual bäsleşikleriň, sport ýaryşlaryň, sergi-ýarmarkalaryň esasynda aýdyň görüp bilýäris. Ýokary derejede guralýan bu halkara çäreler ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň has-da ileri tutulýandygyny, alnyp barylýan döwletli işleriň çäginiň we abraýynyň barha artýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, ukyp-başarnyklarynyň açylmagy, olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary şol işleriň hukuk binýadyny berkidýär.

Türkmen alabaýy — wepaly kömekçi

Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen naýbaşy tohum alabaý itleri türkmenleriň milli gymmatlygy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna sowgat beren «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmeniň topragynda örňäp-ösen haýwanlaryň ählisinde diýen ýaly ynsana ýakyn mähremlik bardyr. Türkmen aga ýöne ýerden kellesi gazan ýaly, döşi gapak ýaly, hem erinlek, hem nazarkerde köpegine «It — wepa» diýmändir-ä» diýip nygtaýar. Türkmenistanyň çäginde alnyp barlan arheologiýa barlaglarynyň dowamynda alabaýyň heýkeljigi, suratlardaky keşbi, kerpiçlerde galan aýak yzlary ýüze çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda Paryzdepeden, Şähryslam ýadygärliginden tapylan alabaýyň yzlary hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Hasyl toýy — daýhan zähmetine sarpanyň nyşany

Daýhan yhlasyndan kemala gelen bol hasyl türkmen topragynyň berekedi hem-de saçagymyzyň rysgalydyr. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, daýhanlaryň alyn deri ene ýere siňip, zere öwrülýär. Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy giňden bellenilýär. Oba-kentlerimiz toý lybasyna beslenip, dabaralar uludan tutulýar, milli däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Toý gününde daýhanlarymyza, oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary, Şa serpaýlary gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

«Meniň ajap ertekim...»

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow bilen bu söhbet has giňişleýin edebiýat döwresinde başlanypdy. Ýöne biz onuň çygryny gysgaldyp, häzirlikçe «Güneşiň» ýaşajyk okyjylaryna şu görnüşde ýetirmegi makul bildik. — Baýram aga, teklibimizi kabul edeniňiz üçin sag boluň!

«Paýhas çeşmesi» atly kitapdan

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora. * * *

«Adamy bezeýär päk zähmet çekmek...»

Bagt hakynda her kimiňem öz pikiri, şahsy garaýşy bar. Ýöne aglaba adamyň aňyna bagt diýlende, ilkinji nobatda, baldan süýji balalar gelýär. Şonuň üçin hem bagtymyzyň kepili bolan ýaşajyk körpelerimiziň saglygy — ýurdumyzyň baş aladasy. Körpe nesillerimizi milli ruhda sagdyn şahsyýet edip ýetişdirmekde bolsa ilkinji ädim mekdebe çenli çagalar edaralaryna degişli. Bu ugurda ençeme ýyldan bäri yhlasly zähmet çekýän halypa mugallymlaryň biri-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi, zähmet weterany, Aşgabat şäherindäki 6-njy ýörite çagalar bagynyň dil düzediş mugallymy (logoped) Altyn Çaryýewa. Mugallymyň zähmet ýoly bilen tanyş bolanymyzdan soň, ýaş hünärmenlere görelde bolar diýen umytda halypa bilen söhbetdeş bolmagy göwnelaýyk hasapladyk. «Logopediýa» ylmy hakynda gerekli maglumatlary öwrenip, fotosuratçymyz bilen söhbetdeşimiziň zähmet çekýän edarasyna ýol aldyk. Bilen ýaly, gahrymanymyzyň ýakynda neşirden çykan täze gollanma kitabyna bagyşlanan tejribe maslahatynyň üstünden baraýdyk. Dem salymlyk saglyk-amanlyk soraşmadan soň, halypa özüniň ömür ýoly bilen bagly gürrüňe başlady:

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, «Güneşiň» bu sanynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çeken suratlaryny hödürleýäris. Bu ýaşajyk suratkeşler tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, gözelliklerini ýokary derejede wasp etmegi başarypdyrlar. Natýurmortlarda hem reňkleriň sazlaşygy ýerine ýetirijiniň başarjaňlygy bilen utgaşyp, ajaýyp eser emele gelipdir. Biz hem surat çekmäge höwesek jigilerimize «berekella» diýýäris we olara üstünlikleri arzuw edýäris.

Aglama gurjak

Gurjaklar — çagalygymyzyň baky hemrasy, ilkinji syrymyzy paýlaşan we ony hiç kime «aýtmadyk» unudylmajak joralarymyz. Tamyň kölegesinde agaçdan öz eliň bilen ýasap, öz eliň bilen köýnek tikip geýindiren gurjaklaryňy daşyňa üýşürip, deň-duş joralaryň bilen «gelin-gelin», «gurjakgoş» oýnamagyň lezzeti bir başga. Aslynda, şol oýunlar gyzjagazlary durmuşa taýynlaýan özboluşly mekdep ekeni. Ulalyp, çagalygyňdan daşlaşdygyňça, ünsüň gurjaklardan sowlup, kitaba, işe gönükýär. Şeýle-de bolsa, haýsydyr bir gyzjagazyň elinde kiçijek wagtyň «joraň» bolan gurjagyňa meňzeş gurjaga gözüň düşse, ýüregiň jigläp, nädip çagalyk ýyllaryna dolananyňy bilmän galýarsyň. Köp wagtyny gurjak oýnamaga sarp edýän gyzjagazlaryň beýlekilerden alçaklygy, oňşuklylygy, özüne serenjam bermegi halaýandygy, dillijeligi bilen tapawutlanýandygyny duýmak bolýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, gurjaklaryň täsiri bilen berk bagly. Kir-kimirsiz çaga kalbynyň ähli zady bolşy ýaly, hatda ondan-da owadan görüp bilşi ýaly, gyzjagazlar hem öz gurjaklaryny «janly» diýip kabul edýärler. Häzirki wagtda adamzat aňynyň ösüp, ähli pudaklaryň kämilleşmegi arkaly öndürilýän gurjaklaryň hem hili hem-de görnüşi ýokarlandy. Birbada seredeniňde adamdan tapawutlandyryp bolmaýan gurjaklary göreniňde uly hem bolsaň, gözüň eglenenini-de duýman galýarsyň. «Her döwür, bir döwür». Eger-de biz çagakak mawy gözli, arkasyna öwürseň

Sanly ulgamyň ýaş wekilleri

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde we sergisinde üstünlikli çykyş etdiler Ýurdumyzda giňden durmuşa ornaşdyrylýan sanly ulgam özüniň sansyz mümkinçiliklerini eçilmek bilen birlikde, bu ugurda türkmen ýaşlarynyň gadamlarynyň barha ilerleýändigini aýan edýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hereket etmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz innowasiýalardan, kompýuter-tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýarlar. Häzirki wagtda sanly ulgam boýunça uly üstünlikleri gazanyp, bu ugur bilen ykbalyny baglaýan ýaşlarymyz köpelýär. Oňa döwrümiziň «baýdak göterijileri», «geljegiň ylmy» hökmünde garaýarlar. Şeýle pikirli ýaşlaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň atlaryny agzamak bolar. Dört okuwçydan ybarat bolan topar şu ýylyň sentýabr aýynyň 21 — 25-i aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşigine we sergisine (WICE – World invention competition and invention) gatnaşdylar. Ony Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy bilen MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersiteti bilelikde gurady.

Sungatyň täze zehinleri

Mekdep okuwçylarymyz Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Çagalaryň birinji Delfiý oýunlaryna gatnaşdylar. Bu halkara bäsleşik şu ýylyň 30-njy sentýabry we 5-nji oktýabry aralygynda geçirildi. Ol şu ýyl ilkinji gezek 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralyp, 8 döwletden jemi 500-den gowrak çagany garşylady. Oňa ýurdumyzdan zehinli çagalaryň 12-si gatnaşyp, bäsleşikde fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek hem-de şekillendiriş sungaty boýunça öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu 6 ugur boýunça zehinli okuwçylarymyz çykyş edip, bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Netijede, olaryň 8-si baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy. Hususan-da, Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Leýli Jepbarowa halk aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça 1-nji orny eýeläp, altyn medala, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Milara Tahyrjanowa skripka hünäri boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala, Aşgabat şäherindäki 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Muhammet Ýaranow şekillendiriş sungaty boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de bäsleşigiň estrada aýdymyny ýerine ýetirmek ugry boýunça Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Babagylyç Annaçaryýew, fortepiano, skripka, akkordeon hünärleri boýunça Maýa Kulyýewa

Paýhas oýnunyň ýaş ussady

Sport — bedeniň terbiýesi, ýöne onuň käbir görnüşleri diňe bir bedeniňi däl, eýsem, paýhasyňy hem kämillige ugrukdyrýar. Şeýle häsiýetli oýunlaryň biri-de küştdür. Gözbaşyny uzak taryhdan alyp gaýdýan küşt bu gün sport dünýäsiniň üns merkezinde. Ýurdumyzyň sport abraýynda-da küşt oýnunyň orny aýratyn. Şonuň netijesinde türkmen küştçüleri hem geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda we olimpiadalarda öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Mysal hökmünde küştçülerimiziň ýakynda gazanan üstünligini, ýagny Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen nobatdaky Bütindünýä küşt olimpiadasynda birinjiligi gazanandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda ýeňişleriň ýarany bolan ýaş küştçimiz Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Eneş Arazmedowanyň adyny agzamak biz üçin has-da ýakymly boldy. Eneşiň öz gürrüň bermegine görä, onuň küşt oýnamaga bolan höwesi başlangyç synpda döräpdir. Yhlasynyň aňyrdanlygyny duýan maşgalasy bolsa 9 ýaşly Eneşe goldaw hökmünde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebini saýlapdyrlar. Küşt çöplerini emel bilen tutup, akylly hereket edýän ýaş gyzjagazyň oýna bolan höwesiniň ýöne bir gyzyklanma däl-de, geljegi parlak küştçi bolmaga döwtalap türgendigini mekdebiň ussat tälimçileri wagtynda aňypdyr. Şonuň netijesinde Eneş ilkinji ädimlerinden başlap, dowamly üstünlik gazanmagy başarypdyr. Onuň küşt boýunça mekdep

Dogry göçümdäki ýeňiş

Adam aňynyň, pikir-düşünjesiniň ösmeginde küşt bilen şaşkanyň uly ähmiýeti bar. Ine, kiçiliginden sportuň şeýle görnüşleri bilen meşgullanyp, öz deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başarýan ýaşajyk ussatlaryň, ýetginjekleriň bardygyny görenimizde, olara bolan guwanjymyz has-da artýar. Sportuň şaşka görnüşi boýunça türgenleşip, birnäçe ýaryşlarda ýeňiş gazanýan ýaş türgenlerimiziň biri-de Pena Bagtyýarowdyr. Türkmengala etrabyndaky 12-nji orta mekdepde göreldeli okaýan Pena indi köpden bäri şaşka bilen meşgullanyp, göçümiň inçe syrlaryny, şaşkanyň täsin tilsimlerini öwrenip gelýär. Oňa bu meselede tälimçi mugallym Maýsa Artykowa halypalyk edýär.

Ertekiler dünýäsinde

Bäşleriň dostlugy (Erteki)

Bedeneden aldanan tilki

(Türkmen halk ertekisi) Gadym eýýamda bir bedene bilen bir tilki dost bolan. Bular köp wagt bile ýaşap gelenler. Günleriň birinde tilki bedenä:

Tylla ýapraklar

Mähriban çagalar, biziň daş-töweregimizi gurşap alan dürli agaçlaryň gözelligini synlamagyň özi-de diýseň ýakymly. Tebigatyň ajaýyplyklaryna görk goşýan dürli agaçlar güýz paslynda-da özboluşly bir gözellige eýe. Agaçlaryň ýapraklarynyň güýz paslynda tylla reňkde öwsüp, gaýyp ýere düşmegi-de kiçijek synçylar üçin gyzykly. Biziň häzirki size öwretmek isleýän bezegimiz hem ýapraklaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Has takygy, güýz paslynda agaçlaryň şemala galgap, ýere düşen ýapraklaryny ýygnap alyp, olary kagyz ýüzüne geçirmek bilen hem gözellik döredip bolýar. «Nähili?» diýýäňizmi?! Onda ünslüje bolup, ýerine ýetirmäge başlalyň! Maslahat: Mähriban okyjylar, kiçi ýaşly jigileriňiz bilen şu ýaprakly bezegleri ýerine ýetireniňizde olara agaçlaryň dürli görnüşleri barada gürrüň beriň. Ýapraklaryň görnüşleri, olaryň näme üçin agaçdan düşýändikleri hakynda olara aýdyp beriň.

«Aýyjyk» kökesi

Gerekli önümler: • 180 gram mesge,

Altyn güýzüň berekedi

Men güýz paslyny ähli pasyllardan gowy görýärin. «Näme üçin?» diýýärsiňizmi?! Sebäbi bu pasylda ähli gök we bakja ekinleri, miweler ýetişýär. Güýz paslynda obada ýaşaýan Rozygül mamamlara gezelenje gitmegi halaýaryn. Olaryň melleginde pomidor, hyýar, käşir, badamjan, kädi, kelem ösüp ýetişýär. Alma, armyt, şetdaly, garaly, şeýle-de üzümiň däneli, dänesiz, ak we gara, gyzyl reňklileri hem bar. Güýzki dynç alyş möwsüminde biz ýene-de mamamlara gezelenje gitdik. Bu gezek ejem dürli miwelerden mürepbedir şerbet, gök-bakja ekinlerinden işdäaçarlary taýýarlap gaplamak üçin gaplaryny hem ulaga ýükledi. Baran dessimize mamam mellekden pomidor, hyýar, kelem, badamjan ýygdy. Babam bolsa baglarda düzüm-düzüm bolup duran miweleri ýygnamaga durdy. Jigilerim Bägül, Aýlar bolup, bizem olara kömekleşdik. Agaç sekiniň üstüni dolduryp duran miwelerdir gök-bakja ekinlerini gören jigim Aýlar haýran galmak bilen: «Mama, siz bazardan hiç zat satyn almaýarsyňyzmy?» diýip sorady. Mamam ýylgyryp: «Ýok, gyzym, biz bazardan miwedir bakja ekinlerini satyn almaýarys. Sebäbi olaryň ählisi mellegimizde bar» diýip jogap berdi. Aýlar gözjagazlaryny tegeläp durşuna ejeme ýüzlendi: «Eje, onda senem her gün bazardan miwe satyn alman, mamamlardan almaly ekeniň-dä...». Ýaňy dört ýaşyny dolduran jigimiň bu sözüne hemmämiz gülüşdik.

Ganatsyz uçýan oglanjyk

Hany, aýdyň, siziň pikiriňizçe, söýgüli gahrymanlaryňyzyň haýsy biri has gyzykly, özüneçekiji?! Mauglimi, Tarzanmy, Hudaýberdi gorkakmy, Ýartygulakmy, Japbaklarmy... — haýsy biriniň adyny saýlap tutanyňyzda-da her biriňiziň öz söýgüli gahrymanyňyzyň bardygy çyn. Ylalaşýarsyňyz gerek?! Özüm-ä ylalaşýan, ine, gyzjagazlar işjanly, zähmetsöýer Zoluşkany halasalar, oglanjyklar batyr, edermen, ugurtapyjy gahrymanlary saýlap tutýarlar. Bu bolsa her bir çaganyň öz dünýägaraýşyna, gylyk-häsiýetine kybap gelýän gahrymanlarynyň bolýandygyny aňladýar. Men öz söýgüli gahrymanym barada aýtsam, ol hiç kimiňkä meňzemeýär. Bilýäňizmi näme, çagajyk wagtym guşlar ýaly uçmagyň arzuwyny edýärdim. Megerem, şonuň üçindir, meniň halaýan gahrymanym uçubam bilýär, dünýä seýran edibem. Onuň kimdigini bilýärsiňizmi?! Hawa, ol ganatsyz-persiz uçup bilýän Piter Pen. Megerem, ony her biriňiz tanaýan bolsaňyz gerek. Ol — hiç haçan ulalmaýan, hemişe çagalygynda galýan şadyýan, göwnaçyk oglanjyk. Ol, aslynda, şotlandiýaly ýazyjy Jeýms Barriniň ertekisi esasynda dünýä ýaýran, ähli çagalaryň söýüp tomaşa edýän gahrymany boldy. Piter Pen baradaky multfilme tomaşa eden bolsaňyz, ugurtapyjy, çalasyn Piter Pen öz deň-duşlarynyň iň ýakyn dostuna, syrdaşyna öwrülýär. Ol islendik ýere uçup gidip, hemmelere kömege ýetişýär, çagalara şatlyk, wagtyhoşluk paýlaýar, olara dostluk goluny uzadýar. Onuň ýanynda ýene-de bir uçý