Çagalar — Watanymyzyň röwşen geljegi

4 Noýabr 2024
434

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa çagalary diňe bir milli ruhda däl-de, eýsem, umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemäge mümkinçilik döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalarymyz hakyndaky tagallalar täze öwüşgine eýe bolup, bu günleriň şanly taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Ony biz ýurdumyzda çagalar üçin yzygiderli geçirilýän halkara festiwallaryň, intellektual bäsleşikleriň, sport ýaryşlaryň, sergi-ýarmarkalaryň esasynda aýdyň görüp bilýäris. Ýokary derejede guralýan bu halkara çäreler ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň has-da ileri tutulýandygyny, alnyp barylýan döwletli işleriň çäginiň we abraýynyň barha artýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, ukyp-başarnyklarynyň açylmagy, olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary şol işleriň hukuk binýadyny berkidýär.

Aýjeren BATYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.