Altyn güýzüň berekedi

4 Noýabr 2024
539

Men güýz paslyny ähli pasyllardan gowy görýärin. «Näme üçin?» diýýärsiňizmi?! Sebäbi bu pasylda ähli gök we bakja ekinleri, miweler ýetişýär. Güýz paslynda obada ýaşaýan Rozygül mamamlara gezelenje gitmegi halaýaryn. Olaryň melleginde pomidor, hyýar, käşir, badamjan, kädi, kelem ösüp ýetişýär. Alma, armyt, şetdaly, garaly, şeýle-de üzümiň däneli, dänesiz, ak we gara, gyzyl reňklileri hem bar.

Güýzki dynç alyş möwsüminde biz ýene-de mamamlara gezelenje gitdik. Bu gezek ejem dürli miwelerden mürepbedir şerbet, gök-bakja ekinlerinden işdäaçarlary taýýarlap gaplamak üçin gaplaryny hem ulaga ýükledi. Baran dessimize mamam mellekden pomidor, hyýar, kelem, badamjan ýygdy. Babam bolsa baglarda düzüm-düzüm bolup duran miweleri ýygnamaga durdy. Jigilerim Bägül, Aýlar bolup, bizem olara kömekleşdik. Agaç sekiniň üstüni dolduryp duran miwelerdir gök-bakja ekinlerini gören jigim Aýlar haýran galmak bilen: «Mama, siz bazardan hiç zat satyn almaýarsyňyzmy?» diýip sorady. Mamam ýylgyryp: «Ýok, gyzym, biz bazardan miwedir bakja ekinlerini satyn almaýarys. Sebäbi olaryň ählisi mellegimizde bar» diýip jogap berdi. Aýlar gözjagazlaryny tegeläp durşuna ejeme ýüzlendi: «Eje, onda senem her gün bazardan miwe satyn alman, mamamlardan almaly ekeniň-dä...». Ýaňy dört ýaşyny dolduran jigimiň bu sözüne hemmämiz gülüşdik.

Merjen UMAROWA,
Kerki şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy.