Adam aňynyň, pikir-düşünjesiniň ösmeginde küşt bilen şaşkanyň uly ähmiýeti bar. Ine, kiçiliginden sportuň şeýle görnüşleri bilen meşgullanyp, öz deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başarýan ýaşajyk ussatlaryň, ýetginjekleriň bardygyny görenimizde, olara bolan guwanjymyz has-da artýar. Sportuň şaşka görnüşi boýunça türgenleşip, birnäçe ýaryşlarda ýeňiş gazanýan ýaş türgenlerimiziň biri-de Pena Bagtyýarowdyr.
Türkmengala etrabyndaky 12-nji orta mekdepde göreldeli okaýan Pena indi köpden bäri şaşka bilen meşgullanyp, göçümiň inçe syrlaryny, şaşkanyň täsin tilsimlerini öwrenip gelýär. Oňa bu meselede tälimçi mugallym Maýsa Artykowa halypalyk edýär.